Maňa jaň et


«Maňa jaň et!» hyzmaty bilen Siz biziň kompaniýamyzyň beýleki müşderine diňe ýekeje buýruk bilen onuň jaňyna garaşýandygyňyz hakynda özbaşdak habar berip bilersiňiz.Habary birikdirmek ýa-da sazlamak gerek däl – ol biziň kompaniýamyzyň ähli müşderilerine mugt berilýär.
Ýönekeý komandany aýlaň:

*115 # haýyşyň gönükdirilen müşderiniň belgisi #

Telefonyň belgisini şu ölçegde aýlamaly: 66XXXXXX, mysal üçin: 66322222.
Özüňize jaň edilmegini haýyş etmekçi bolýan müşderiňiz Siziň adyňyzdan standart ýazgyly SMS-habaryny alýar: «Pojaluysta perezvonite na nomer +99366xxxxxx». Siz öz haýyşyňyzyň eltilendigi hakynda habarnamany hem alarsyňyz.

«Maňa jaň et!» haýyşyny gije-gündizde 5 gezekden köp bolmadyk we aýda 155 gezekden köp bolmadyk ýagdaýda iberip bolar. Amatlylyk üçin telefonyň telefon maglumatnamasyna gerekli komandalary goşuň – Size olaryň her birini ýatda saklamak gerek bolmaz, zerur bolanda salgy kitabyndan gerekli ýazgyny saýlaň.
 

Üns beriň!
Giriş jaňlaryny kabul etmek mümkinçiligi üçin iberijiniň balansy položitel bolmalydyr. Roumingde biziň kompaniýamyzyň müşderilerinden giriş jaňlary töleglidir, şoňa görä-de olary Siz eger öz hasabyňyzda gepleşik üçin ýeterlik serişdeler bolan mahalynda alyp bilersiňiz. 
Bellik: Gije-gündizde ýerli wagt bilen 00:00:00-dan 23:59:59-a çenli wagt aralygy kabul edilýär.