MTS-Info

Hyzmat barada

MTS-Info1 – bu Siziň SIM-kartaňyzyň goşmaça ýerine ýetirýän wezipesi bolup, onuň kömegi bilen Siz howa maglumatyny öwrenip, täze dostlary tapyp we olar bilen “Tanyşlyk” we “Gepleşik” hyzmatlary arkaly gatnaşyk saklap, gülküli degişmeler bilen öz keýpiňizi göterip, täleýnamadan ýetip gelen günde size nämeleriň garaşýandygyny öwrenip, şeýle hem söýülip diňlenilýän MP-3 sazyny ýa-da wideoşekili öz öýjükli telefonyňyza geçirip bilersiňiz.

MTS-Info hyzmatyndan peýdalanmak örän aňsat!
Sizi gyzyklandyrýan bölümi saýlaň, birnäçe sekuntdan Siz zerur maglumaty alarsyňyz. MTS-Info boýunça nawigasiýa tölegsiz bolup, diňe hyzmaty buýurmanyň bahasy tölenýär.

Hyzmatyň bahasy:
Howa - 0,426 manat (hyzmat belgisi 22001)
Hyzmat menýusynyň degişli bendinden edilen ýüz tutma boýunça Siz öýjükli telefonyňyza saýlan şäheriňizdäki howa maglumatyny SMS görnüşinde alarsyňyz. Siz Aşgabatdaky, Daşoguzdaky, Türkmenbaşydaky we beýleki şäherlerdaki howa barada maglumat alyp bilersiňiz.
Abuna bolmagy resmileşdirmek - 3,278 manat (hyzmat belgisi 22016). Abuna möhleti - 7 gün.

Walýuta - 0,426 manat (hyzmat belgisi 22002)
Bu hyzmat dollaryň ýa-da ýewronyň türkmen manadyna gatnaşygynyň kursyny almaga mümkinçilik berýär.
Abuna bolmagy resmileşdirmek - 3,278 manat (hyzmat belgisi 22016). Abuna möhleti - 7 gün.
Siz hemişe, söýülip diňlenilýän aýdym-sazlaryň esasynda düzülýän sanawdan täze aýdym-sazlary tapyp bilersiňiz, reňkli we hereketli suratlary (animasiýa), java-oýunlary we wideoşekilleri alyp bilersiňiz. Hyzmatyň bu görnüşinde WAP-salgylanma boýunça birikme üçin, hereket edýän nyrhnama laýyklykda goşmaça töleg tölenýär.
Telefona geçirmek üçin salgylanma alnanda, müşderiň 5 günüň dowamynda öz islegine baglylykda 3 sany birmeňzeş aýdym-sazy, oýuny, reňkli suraty, hereketli suraty (animasiýa), wideoşekili, polifoniýany telefonyna geçirmäge mümkinçiligi bardyr. Alnan salgylanmany başga telefonda hem ulanmak bolýar.

MP3 - 8,194 manat (hyzmat belgisi 22012)3
Polifoniýa - 3,933 manat (hyzmat belgisi 22009)
3
Suratlar - 3,933 manat (hyzmat belgisi 22010)3
Hereketli surat (animasiýa) - 3,933 manat (hyzmat belgisi 22011)3
JAVA-oýunlar - 8,194 manat (hyzmat belgisi 22013)3
Wideo - 8,194 manat (hyzmat belgisi 22014)
3
Degişmeler (Anekdotlar) - 0,426 manat (hyzmat belgisi 22005)
Boş wagtyňyzy gyzykly geçirmek üçin – gülküli degişmäni kabul edip alyň!

Täleýnama (Goroskoplar) - 0,426 manat (hyzmat belgisi 22006)
Ýetip gelen günde size nämeleriň garaşýandygyny öwreniň! Ol Size näme getirer? Öz Zodiak nyşanyňyzy saýlaň we ýyldyzlaryň şu gün ýa-da ertir üçin çaklamasyny alyň.
Abuna bolmagy resmileşdirmek - 0,425 manat (hyzmat belgisi 22016)

Söýýändigini ykrar etme - 0,492 manat (hyzmat belgisi 22007)
Söýgüliňize öz duýgularyňyzy beýan etmekde kynçylyk çekýärsiňizmi? “Söýýändigini ykrar etme” hyzmaty bu meselede Size kömek eder! Ýüz tutmaňyzy iberiň we söýgini ykrar etmegiň gyzykly mysallaryny alyň.

Gyzykly zatlar - 0,426 manat (hyzmat belgisi 22008)
Beýik şahsyýetleriň pähimleri, tostlar, öň ýaşap geçen we häzirki wagtda ýaşaýan adamlaryň aýdan pikirleri, çuň manyly sözler (aforizmler) Size işlendik üýşmeleňde çuňňur bilimleriňiz bilen tapawutlanmaga ýardam eder.

Wiktorina / Paýhas synagy

Wiktorina / Paýhas synagy – her bir ýüz tutma üçin 0,492 manat (hyzmat belgisi 22015)
Öz paýhas derejäňizi barlamak üçin, gyzykly “Wiktorina / Paýhas synagy” hyzmaty Size kömek eder.
Nyrhlar - 0 (hyzmat belgisi 22000)
Bu hyzmatyň kömegi bilen Siz SIM-menýudaky ähli hyzmatlaryň nyrhlary barada maglumat alyp bilersiňiz.

1Adatça, MTS-Info bendi Siziň telefonyňyzyň esasy menýusynda ýerleşýär, ýöne kähalatlarda (telefon enjamynyň modeline baglylykda) ol Oýunlar, Goşundylar, Güýmenjeler, Aragatnaşyk, Gurallar, Ofis bölümlerinde hem ýerleşip biler.
2Bu bölümiň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin, Siziň telefonyňyzda WAP-yň sazlanandygyna hem-de onuň MP3 aýdym-sazlary, reňkli ýa-da hereketli suratlary, java-oýunlary ýa-da wideoşekilleri geçirmegi goldaýandygyna göz ýetiriň.
3Siziň nyrh meýilnamaňyzyň ölçeglerine laýyklykda, telefona geçirmek üçin goşmaça töleg alynýar.

Üns beriň! Eger-de buýurmadan soňra Sizde oňyn däl (minus) galyndy emele gelip, buýran hyzmatyňyzy almadyk bolsaňyz, Siz öňürti hasabyňyzyň üstüni ýetirip, 0890 telefon belgisi boýunça Sorag-jogap gullugyna ýüz tutup bilersiňiz.

Anyk maglumaty satuw ofislerinde alyp bilersiňiz
Telefon: +(993 66) 300890, 0890
www.mts.tm