«Şahsy GOOD’OK»

“Şahsy GOOD’OK” hyzmaty birikdirmek üçin 2015-nji ýylyň 31-nji awgust aýyndan elýeterli bolar. “Şahsy GOOD’OK” hyzmaty – müşderi çykyş jaňyny amala aşyranda Hyzmatda elýeterli saz ýygyndysyny we maglumat-gyzyklandyryjy kontentiň düzüminde diňlemäge mümkinçilik berýär.
 
“Şahsy GOOD’OK” hyzmatyndaky kontent
 
Hyzmat birikdirilende saz ýygyndysy berilmedik ýagdaýynda müşderä bellenilen saz ýygyndysy goýulýar. Her saz ýygyndysynyň düzümi – 25-den az bolmadyk aýdym.
Bir wagtyň özünde diňe bir saz ýygyndysyny ulanmak mümkin. Başga saz ýygyndysy goýulanda, onuň öňki saz ýygynydysy täzesine çalyşylýar. Her saz ýygyndysynyň düzümi aram-aram täzelenip durýar.
Aýdymlar yzly-yzyna goýberilýär – müşderi her çykyş jaňyny amala aşyranda saz ýygyndysynyň indiki aýdymyny diňleýär. Hyzmatda aýdymlaryň her dürli žanrlary we saz ugurlary görkezilendir. Her bir müşderi saz ýygyndysyny öz isleglerine we makullamalaryna laýyklykda saýlap biler.
 
Hyzmatyň birikdirilmegi
 
Hyzmaty birikdirmegi we öz islegiňize laýyklykda saz ýygyndysyny saýlamagy aşakdaky usul boýunça amala aşyryp bilersiňiz:

- 0560 belgisine jaň ediň we awtomaglumat berijiniň ähli görkezmelerini ýerine ýetiriň
- 0560 belgisine 1 buýrugyny SMS arkaly ugradyň
- *0560# belgisine USSD bilen ýüz tutuň

Hyzmatyň nyrhy
 
Hyzmatyň birikdirilmegi nyrhlanydyrylmaýar.
Müşderi üçin hyzmatyň ulanylmagynyň nyrhy GBS bilen 1 gün üçin 0.12 manat.
Her güne uzaldylmagy awtomatiki görnüşinde amala aşyrylýar.
0560 belgisine jaňlar we çykyş SMS-leri nyrhlanydyrylmaýar.
 
Hyzmatyň ýatyrylmagy
 
- 0560 belgisine jaň ediň we awtomaglumat berijiniň ähli görkezmelerini ýerine ýetiriň
- 0560 belgisine 0 buýrugyny SMS arkaly ugradyň
- *0560#0# belgisine USSD bilen ýüz tutuň

Ýokarda görkezilen usullar arkaly Hyzmat ýatyrylan ýagdaýynda Hyzmatyň deaktiwirlenendigi hakynda müşderi maglumatlaşdyrylýar.