«МТS sesli portal»

«МТS sesli portal» hyzmaty 2016-njy ýylyň 9-njy iýunyndan birikdirmek üçin elýeterli.
 
«МТS sesli portal» Hyzmaty – bu 0770 belgide ýeketäk IVR-de interaktiw güýmenje serwislerini birleşdirýän hyzmatdyr. 
 
 «МТS sesli portal» hyzmaty – bu ähli müşterilere niýetlenen hyzmatdyr. 
 
МТS sesli portalynda  müşteriler üçin indiki hyzmatlar elýeterlidir: 
Aýdym-saz. 
Hyzmatyň kömegi bilen müşteriler mp3 formatyndaky aýdym sazlary diňläp we olary öz telefonlaryna ýükläp bilerler. Bölümi saýlamak bilen müşterileň aýdymyň prewýusyny eşiderler we telefonyň düwmeleriniň (1 –saýlamak, 6 – indiki, 4 – ondan öňdäki) kömegi bilen öz halanlaryny saýlap bilerler. Aýdym saýlanylandan soňra müşterä buýrulan aýdym üçin salgyly SMS geler.     
Utuşlar. 
Hyzmatda müşteriler utuşly sesli faýllary diňläp we olary beýleki müşterilere ugradyp bilerler. Halan utşyny saýlamak bilen, müşteri ol utuşy almaly şahsyň telefon belgisi görkezmelidir. Kontent gizlin ýagdaýda ýa-da belginiň görkezilmegi bilen, gyssagly ýa-da belli bir senäniň we wagtyň görkezilmegi bilen ugradylyp bilner. Utuş ony alýan şahsa giriş jaňy hökmünde barar.    
Täleýnamalar. 
Hyzmatyň kömegi bilen müşteriler şol gün üçin täleýnama çaklamalaryny we maslahatlaryny diňläp bilerler. Täleýnamanyň gyzyklandyrýan belgisiniň saýlanylmagy bilen müşteriler şol gün we ertesi gün üçin täleýnamany bilip bilerler. Hyzmat saýlanylyp alnan belgini ýatda saklar we indiki jaňlarda ony goşmaça girizmek zerur bolmaz. 
Теstler. 
Hyzmatda müşteriler gyzyklandyryjy psihologiki testleri geçip bilerler. Testi saýlamak bilen, müşteri soraglary eşider we jogaplaryň wariantlaryny eşider, olardan laýyklaryny saýlap bilerler. Testiň ahyrynda ulanyjylar netijesini eşiderler.  
Gutlaglar. 
Hyzmatda müşteriler gutlagly sesli faýllary diňläp we olary beýleki müşterilere ugradyp bilerler. Halan gutlaglaryny saýlamak bilen müşteri saýlamak bilen, müşteri ol gutlagy almaly şahsyň telefon belgisi görkezmelidir. Kontent gizlin ýagdaýda ýa-da belginiň görkezilmegi bilen, gyssagly ýa-da belli bir senäniň we wagtyň görkezilmegi bilen ugradylyp bilner. Gutlag ony alýan şahsa giriş jaňy hökmünde barar.  
Ykrarnamalar. 
Hyzmatda müşteriler ykrarnamaly sesli faýllary diňläp we olary beýleki müşterilere ugradyp bilerler. Halan ykrarnamalaryny saýlamak bilen müşteri saýlamak bilen, müşteri ol ykrarnamany almaly şahsyň telefon belgisi görkezmelidir. Kontent gizlin ýagdaýda ýa-da belginiň görkezilmegi bilen, gyssagly ýa-da belli bir senäniň we wagtyň görkezilmegi bilen ugradylyp bilner. Ykrarnama ony alýan şahsa giriş jaňy hökmünde barar 
 
Hyzmatyň birikdirilmegi üçin 0770 gysga belgä jeň etmek zerurdyr. 
 
Birleşdirmäniň bir minudynyň bahasy 1,15* manat bolup durýar. 
 
*Töleg alynmaýan çäk: her jaňyň ilkinji 20 sekundy.