“Hezillik” güýmenje portaly

“Hezillik” güýmenje portaly” hyzmaty 2015-nji ýylyň 18-nji iýunyndan başlap birikdirmek üçin elýeterli bolar.
“Hezillik” güýmenje portaly” telefon ulgamynyň müşderileriniň iň bir isleg bildirýän  hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär:
- Şatlanma
- Pleýer 
- Degişmeler 
- Testler.
Hyzmat rus we türkmen dillerinde elýeterlidir.
 
Hyzmaty birikdirmek
Hyzmaty birikdirmek üçin müşderi 7007 ýa-da * belgä (bir ýyldyzjyk bilen başlaýan islendik belgä) jaň etmelidir.
Soňra müşderi serwisiň dilini saýlaýar we hyzmatyň esasy menýusyna (mazmunyna) geçýär.
Şatlanma bölümine geçmek üçin müşderi 1-ni basmaly.
Pleýer bölümine geçmek üçin müşderi 2-ni basmaly.
Degişmeler bölümine geçmek üçin müşderi 3-i basmaly.
Testler bölümine geçmek üçin müşderi 4-i basmaly.
Degişmeler bölümine geçmek üçin müşderi 3-i basmaly.
Hyzmat baradaky seslenmeler, teklipler we habarlar bölümine geçmek üçin müşderi 5-i basmaly.
Menýu geçmek üçin müşderi 6-ny basmaly.
 
Eger müşderi portalyň hyzmatlarynyň birini saýlamak bilen, ýazylmadyk bolsa, oňa ýazylmagy teklip edýärler:
1. Eger müşderi birinji gezek girýän bolsa: tölegsiz döwüre ýazylmak (ilkinji üç güni tölegsiz).
2. Eger müşderi eýýäm bu hyzmata öň ýazylyp, ýöne boýun gaçyran bolsa – tölegli ýazylma;
3. Eger müşderi ýazylmaga razylyk berse (ýa-da öňden ýazylan bolsa) we hasabynyň balansynda pul bolsa – saýlanan hyzmatyň Menýusyna geçme;
4. Eger müşderi ýazylan bolsa, ýöne hasabynda pul bolmasa – müşderä hyzmatyň elýeterli däldigi we hasabyny doldurmagynyň zerurlygy barada habar berýärler.
 
Hezillik” güýmenje portaly” hyzmatynyň her bir bölümine ýazylyşyga aýratynlykda tarif goýulýar. 
 
Hyzmatyň bahasy 
 
Serwise edilen jaňyň bahasyna nyrh goýulmaýar. Hyzmat üçin hasaplaşyk gündelik bellenilen müşderi tölegi görnüşinde amala aşyrylýär.
 
Bahasy
Hyzmatyň ady Bahasy (GBÜS-li manat)
1 “Hezillik” güýmenje portaly” 0,20
 
Jaňlaryň bahasy
Jaň edilýän belgi Bahasy
1 7007 0
2 * (ýyldyzjyk) bilen başlaýan aralygyň belgisi 0
 
Ulanyjydan hyzmata ýazylyşygyň işjeňleşdirilen wagtynyň dördünji gününden başlap her günde hyzmatyň bahasy alynýar. 
 
Hyzmaty aýyrmak
Hyzmaty aýyrmak üçin hyzmatlaryň menýusyndaky “Ýazylyşygy dolandyrmak” bölüminden peýdalanamak zerurdyr.
“Hezillik” güýmenje portaly” hyzmaty hemmeleri wagtyňyzy peýdaly ýatdan çykmajak edip geçirmäge: täze, gyzykly gürrüňdeşler bilen tanyşlyga, aýdym-saz dünýäsindäki iň soňky tendensiýalaryny diňlemäge, degişmeleri diňlemek bilen keýpiňi köklemäge we özüňi test bilen synap görmegä çagyrýar.
“Hezillik” – siziň güýmenjeler dünýäsindäki ýol görkezijiňizdir.