Bize jaň etmek uçin
(+99312) 42 52 05

MTS-iň saýtynyň ulanyjylary üçin hukuk maglumaty

Şu düzgünler hemme gelýänlere we saýta ulanyjylara degişlidir. Saýtyň maglumatlaryny ulanmak bilen sarp ediji şu düzgünleri bilen, özüniň razyçylygyny aňladýar. “Barash Communication Technologies Inc." (BCTI) kompaniýasy öz garaýşyna laýyklykda şu düzgünleri we gözükdirmeleri üýtgetmek hukugyny galdyrýar. Şu düzgünler bozulan ýagdaýynda BCTI düzgün bozujylara kanun boýunça rugsat edilýän serişdeleri ulanmak hukugyny galdyrýar. Şu düzgünler BCTI-niň saýtynyň şu günki we geljekki gelijilerine degişlidir.

Kompaniýa saýtda ýerleşdirilen maglumatlaryň takyklygy üçin hiç hili jogap çekmeýär.

BCTI deslapky habar bermezden hödürlenýän maksatnamalary, hyzmatlary we önümleri islendik wagtda üýtgetmäge özüne hukuk galdyrýar. Üçünji taraplaryň önümlerine we hyzmatlaryna salgylanmak maglumat maksatlary üçin edilýär, ol BCTI-niň olary goldaýandygyny ýa-da maslahat berýändigini aňlatmaýar.

SAÝTDA BERILÝÄN HEMME MAGLUMATLAR "ŞOL DURŞY" ("AS IS") BELGILI GÖRNÜŞINDE GIDÝÄR, ONDA ÝALŇYŞLYKLARYŇ BOLMAGY MÜMKIN, OLAR ISLENDIK GÖRNÜŞDE, GÖNI AÝDYLAN ÝA-DA GÖZ ÖŇÜNE GETIRILÝÄN KEPILLIKSIZ. BCTI WE ONUŇ GETIRIJILERI BAZAR TALAPLARYNA GABAT GELÝÄN HIÇ HILI KEPILLlGI GEÇMEÝÄRLER. ŞOL SANDA BELLI BIR MAKSATLARDA ULANMAK ÜÇIN ÝARAMLYLYK KEPILLENDIRMELERINI, BOZULMAZLYK KEPILLENDIRMELERINI WE ULANMAK ÝA-DA SATMAK NETIJESINDE ÝÜZE ÇYKÝAN KEPILLENDIRMELERI BERMEÝÄRLER. BCTI WE ONUŇ GETIRIJILERI HAÝSYDYR BIR GÖNI DÄL, HAKYKY ÝA-DA GYTAKLAÝYN ÝITGILER ÜÇIN, ŞOL SANDA ÇÄKLENDIRMEZDEN GOÝBERILEN PEÝDANY ÝA-DA HARYDYŇ ÇALŞYLMAGY NETIJESINDE ÝETIRILEN ZYÝANLAR, ŞU HYZMATLARY ÝA-DA BCTI-yň BEÝLEKI HYZMATLARY ULANMAGYŇ ÝA-DA ULANMAGYŇ MÜMKIN DÄLLIGINIŇ NETIJESINDE ÝÜZE ÇYKAN ÝITGILER, MAGLUMATLARYŇ YGTYBARLYGYNYŇ ULANYLMAGY NETIJESINDÄKI ÝITGILER, HATDA BCTI WE ONUŇ GETIRIJILERI ŞEÝLE ÝITGILERIŇ MÜMKINÇILIGI HAKYNDA DUÝDURYLAN HEM BOLSA, HIÇ HILI JOGAPKÄRÇILIK ÇEKMEÝÄRLER.

Üçünji taraplaryň saýtlaryna salgylanmak
Şu saýtda üçünji taraplaryň saýtlaryň maglumatlary bolmagy mümkin. Şu saýt bilen baglanyşykly islendik başga internet resursyna geçmek, ulanyjynyň öz töwekgelçiligi bilen amala aşyrýar. BCTI şu saýtda getirilen maglumatlaryň nukdaýnazarlarynyň, maksatlarynyň we ähtnamalarynyň takyklygy barada jogapkärçilik çekmeýär. BCTI ulanyjynyň oňaýlyklary üçin başga saýtlara salgylanmak mümkinçiligini üpjün edýär. Emma munuň özi BCTI-niň bu saýtlarynyň maglumatlaryny goldaýandygyny aňlatmaýar we onuň üçin ol jogapkärçilik çekmeýär.

Haryt nyşany
MTS "Мобильные ТелеCистемы" ÝPJ-niň hasaba alnan haryt nyşanydyr. Görkezilen haryt nyşany Türkmenistanda ulanmagynyň hukuk eýeçiligi BCTI degişlidir. Saýtda ýerleşdirilen haryt nyşanlary, logotipler, hyzmatlaryň kysymy kompaniýanyň ýa-da üçünji tarapyň hususy eýeçiligindedir.

Çäklendirilen ygtyýarnama
Şunuň bilen şu saýtda BCTI-niň çap eden materiallaryny diňe täjirçilik maksatlary üçin däl ýagdaýlarda göçürmäge hukuk berýär. Maglumatlar başga maksatlar üçin ulanylmaly däldir. Şunuň bilen baglylykda saýtyň islendik materiallaryny göçürip, Siz awtorlyk hukugyny we asyl nusgasynyň degişli belliklerini saklaýarsyňyz. Ýokarda görkezilenlerden başga hemme hereketler, BCTI-niň we üçünji tarapynyň awtorlyk hukugyny gytaklaýyn, bilkaslaýyn almak diýlip düşüniler.

ŞU SAÝTYŇ HEMME MAGLUMATLARY ÝOKARDA GÖRKEZILEN-LERDEN BAŞGA ÝAGDAÝLARDA AWTORLYK HUKUGY BILEN GORALANDYR. ŞU MAGLUMAT BCTI-NIŇ DESLAPKY ÝAZMAÇA RUGSADY BOLMASA, HIÇ HILI GÖRNÜŞDE GAÝTADAN ULANYLMALY DÄLDIR. GELJILERE WE ULANYJYLARA JEMGYÝETÇILIK WE TÄJIRÇILIK MAKSATLARY ÜÇIN SAÝTYŇ MATERIALLARYNY ÝAÝRATMAK, ÜÝTGETMEK WE ÇAP ETMEK RUGSAT BERILMEÝÄR.