SMS-habary

SMS-iň (Short Message Servise)  kömegi bilen Siz ýazgy habarlaryny kabul edip we iberip bilersiňiz. Bir SMS-habary latyn harpyndaky belgileriň 160-syna çenli ýa-da kiril harpyndaky belgileriň 70-sine çenli özünde saklap biler.

Eger Size şu aşakdakylar gerek bola SMS kömek edip biler:
  • her bir belginiň (adyň, telefon belgileriniň, salgynyň we ş.m.) möhüm bolan maglumatyny bermek;
  • jaňa jogap berip bolmajak ýagdaýynda aragatnaşykda bolmak;
  • eger adresat haýsydyr bir sebäbe görä wagtlaýyn elýeter bolmadyk mahalynda habar ibermek (SMS-habary aragatnaşyk dikeldilen badyna müşderiä ýeltiler).
SMS-habaryny ibermek üçin öz telefonyňyzyň gollanmasyna ýüz tutuň.
 
Siziň habar ibermekçi bolýan öýjükli telefonyňyzyň belgisi halkara ölçege getirilen bolmalydyr:

+ [ýurduň kody][öýjükli aragatnaşyk operatorynyň kody][müşderi belgi]

SMS-habaryny diňe bir biziň ulgamymyzyň müşderilerine däl, eýsem ylalaşyk baglaşylan beýleki operatorlaryň müşderilerine hem ibermek bolar. Eger adresat telefonyny öçürse ýa-da ulgamyň täsir ediş zolagynyň daşynda bolsa, Siziň habaryňyz saklanar we iň az möhletiň içinde – 24 sagatda (bir gije-gündizde) eltiler.

Hyzmatdan peýdalanmaga başlamazdan ozal Siziň SIM-kartaňyzda gysga habarlaryň merkeziniň belgisiniň ýazylandygyna göz ýetiriň: +99366322222

Eger SIM-kartanyň ýady artykmajy bilen doldurylan bolsa, Siziň telefonyňyz bolsa SMS-habarlaryny saklamak üçin apparatyň öz ýadyny peýdalanmaga mümkinçilik bermese, Siz ýazgy habaryny alyp bilmersiňiz. Şoňa görä-de biz okalan habarlary aýyrmagy maslahat berýäris.

Ýazgy habarlaryny ibermek mümkinçiligine eýe bolmak üçin, ilki bilen telefon enjamynyň sazlamalarynda gysga habarlar merkeziniň belgisini görkezmek zerurdyr: +99366322222 (habarlary bu belgini girizmän hem kabul etmek mümkindir).

Gysga habarlar merkeziniň belgisini nädip dogry girizmelidigini bilmek üçin, telefonyň gollanmasyna serediň. Bu amaly bir gezek ýerine ýetirmeli: girizilen belgi Siziň SIM-kartaňyzyň ýadynda saklanyp galar, şonuň üçin hem telefon enjamyny çalyşan ýagdaýyňyzda hem girizmek  amalyny gaýtalamak zerur bolmaz.

Indi bolsa habary ibermek isleýän müşderiiňiziň telefon belgisini giriziň.
Belgini halkara ýa-da şäherara formatda girizmek zerurdyr: +993 ХХ ХХХХХХ

Iberilen we kabul edilen habarlar (telefonyň kysymyna baglylykda) SIM-kartada ýa-da telefon enjamynyň öz ýadynda saklanyp galýar. SIM-karta 5-den 20-ä çenli habary saklap galmaga mümkinçilik berýär. Eger Size täze habar gelse, telefon ses signalyny berýär, displeýde bolsa degişli nyşan peýda bolýar. Ünsli boluň: eger-de ýat dolan bolsa, Siz täze ýazgy  habarlaryny kabul edip bilmersiňiz, şonuň üçin hem eýýam okalan SMS-leri öz wagtynda öçürip aýyrmagy unutmaň.

Siziň öýjükli telefonyňyzdan iberilen gysga ýazgy habary ilki bilen gysga habarlar merkezine (SMSC – Short Message Service Centre) gelip düşýär, we ondan soňra ol ýerden adresatyň telefon enjamyna iberilýär. Adresatyň telefony öçürilen bolsa, habar gysga habarlar merkeziniň buferine ýerleşdirilýär we adresat öz öýjükli telefonyny işledýänçä şol ýerde saklanyp galýar. Gysga tekst habaryny buferde saklamagyň aňrybaş wagty 24 sagat, ýagny bir gije-gündizdir.


SMS-iň gowşurylandygy barada hasabat
SMS-iň gowşurylandygy barada hasabaty Siziň telefonyňyzyň menýusynyň, SMS-habarlar üçin sazlamalaryň üsti bilen işletmek zerurdyr.
Gowşurylandygy barada hasabat, MTS-iň ulgam hyzmaty hökmünde berilmeýär.