«Inight+» hyzmaty

 «Inight+» hyzmaty,  «Köp gürleş», «MTS Ýönekeý», «12:0», «Ugur 0-a tarap», «Super 0», «Super 0 Täze Ýyl», «Gül ýaly», «Gül ýaly +», «Gül ýaly 2015», «Ýeňillikli goldaw», «SMART S», «SMART М», «SMART L» we  «Biznes Konnekt», «SMART Biznes 15», «SMART Biznes 25», «SMART Biznes 45», «SMART Biznes 105», «ULTRA» nyrh meýilnamalarynda  elýeter bolar.
 
«Inight+» hyzmaty
- gije amatly bahadan Internetden peýdalanmaga müşderä mümkinçilik berýär  
- bahasy we göwrümi boýunça gerek bolan Internet bukjasyny saýlamaga
- şol bir wagtyň özünde iki we ondan köp bukjalary ornaşdyrmaga. Şunlukda, bukjalaryň arasyndan, içine has köp internet trafik girizileni dolylygyna harçlanýar, soňra bolsa içine azyrak internet trafik girizilen bukja harçlanýar.     
 
«INIGHT+» HYZMATYNA BIRIKDIRILME
Hyzmaty aşakdaky ýaly birikdirip bolýar:
-    USSD-menýu *120#
-    telefonda «Inight+ 500 MB» üçin *834# aýlamaly;
-    telefonda «Inight+ 1 GB» üçin *835# aýlamaly;
-    telefonda «Inight+ 5 GB» üçin *836# aýlamaly;
-    www.mts.tm saýtynda Internet-kömekçi arkaly;
-    satuw ofislerinde
     Bukja işledilenden soňra müşderiniň hasabynda pul serişdeleri bar bolan şertinde Internet-bukjalaryň birikdirilmegi mümkindir.   
(«Internet» hyzmaty bilen işlemek üçin müşderiniň hasabynyň iň kiçi bosagasy– 0 manat).
     Bukjanyň bahasy işledilen wagty alynýar.
     Bukja işledilmezinden öň, müşderide «Internet» hyzmaty işledilen bolmalydyr. (eger bukja işledilen wagty «Internet» hyzmaty işledilmändigi belli bolsa, işletmek üçin arza döredilýär).
         Galan girizilen trafigi barlamak üçin USSD-buýruk - *123#1#7#
 
«INIGHT+» HYZMATYNYŇ BAHASY
 
Internet-bukja Girizilen
gije Internet-trafigiň göwrümi
Bukjanyň bahasy Bukjanyň gutarmagy hakda habar bermegiň çägi Birikdirmek üçin USSD buýruk
«Inight+ 500 Mb » 500 Mb 7 manat 200 Mb galanda *834#
«Inight+ 2 Gb» 2 Gb (1024 Mb) 15 manat 200 Mb galanda *837#
«Inight+ 5 Gb» 5 Gб (5120 Mb) 30 manat 200 Mb galanda *836#
«Inight+ 20 Gb» 20 Gб (20480 Мb) 50 manat 200 Mb galanda *839#

Bahalar GBS hasaba almak bilen görkezilen

Bellik
      Gije: sagat 01:00-07:00.
      Girizilen trafigiň degişli göwrümi, şol döwürde müşderiniň wagtlaýyn öçürilen (blokirowka) ýagdaýda bolýan wagtyna garamazdan, 30 senenama güniň dowamynda ulanylyp bilner. Şertnama ýatyrylanda/täzeden resmileşdirilende, bukjanyň hereket edýän möhleti ýatyrylan/täzeden resmileşdirilen güni bellenilýär.
      Girizilen trafik tamamlanandan söň ýa-da bukjanyň möhleti dolanyndan soň, Internet-trafige, bellenen baha meýilnamasynyň bellenen ölçeglerine laýyklykda baha bellenilýär.
     
AWTOMATIK UZALTMAK
  • Bukjanyň möhletiniň gutarmagyna 1 gün galanda hem-de bukjanyň gutarmagy hakda habar bermegiň çägine ýetende müşderä bukjany awtomatik uzaltmak teklip bilen SMS-habarnama gelýär.
  • Eger-de şu SMS-iň jogabyna müşderi «1» ýazyp SMS iberse, täze bukja birikdirilmez. Eger-de müşderi şeýle SMS ýazyp ibermese, onda öňki bukjanyň göwrümi ýa-da möhleti gutarandan soň 5 minudyň dowamynda täze bukja awtomatik birikdiriler (hasabynda ýeterlik pul serişderleri bar bolanda). Täze bukjanyň möhlei – birikdirilen pursatyndan 30 gün.
  • Internet-bukjanyň awtomatik uzaltmak wagtyň dowamynda internet-trafigi nyrh meýilnamasynyň bellenilen şertlerine görä nyrhlandyrylýar ýa-da has kiçi göwrümli bukja harçlanýar, eger-de başda iki we ondan köp dürli göwrümli bukja birikdirilen bolsa.
  • Awtomatik uzatlmak üstünlikli amala aşyrylan bolsa müşderi iki SMS alýar. Birinji SMS-de – hyzmatyň öçürmegi hakda habarnama, Ikinji SMS-de – hyzmatyň birikdirmegi hakda habarnama.
AWTOMATIK UZALTMAKDAN BOÝUN GAÇYRMAK
Awtomatik uzaltmakdan boýun gaçyrmak üçin hem-de "1" ýazyp, görkezilen gysga belgä SMS iberip bolýar
 
Gysga belgi Öçürilýän bukja
522 Inight+ 500 Мb
523 Inight+ 1 Gb
530 Inight+ 2 Гб
524 Inight+ 5 Гб
531 Inight+ 20 Гб

«Inight+ 1 GB» hyzmaty 2017-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan birikdirmek üçin elýeterli däl bolar.
Şu hyzmaty birikdiren we bukjany awtomatik uzaltmak üçin hasabynda ýeterli pul bar bolan müşderiler şondan soň hem şu hyzmaty birikdirip bilerler. Hasabynda ýeterli pul bolmandygy sebäpli, bukja awtomatik uzaltmadyk ýagdaýynda hasaby doldurandan soň müşderä birikdirmek üçin "Inight" hyzmatynyň islendik başga bukjasy elýeterli bolar.
«Inight+ 1 GB» hem «Inight+ 2 GB» hyzmatlaryny bile birikdirip bolmaýar, ýagny «Inight+ 2 GB» hyzmatyny birikdirende «Inight+ 1 GB» hyzmaty awtomatik öçürilýär.  
 
«Inight+ 500 MB» hem «Inight+ 5 GB» hyzmatlary birikdirmek üçin elýeterli galýar.
      

Hyzmatdan lezzet alyň!