«Internet bukjalar» hyzmaty



«Internet bukjalar» hyzmaty
- amatly bahadan Internetden peýdalanmaga müşderä mümkinçilik berýär  
- bahasy we göwrümi boýunça gerek bolan Internet bukjasyny saýlamaga
- şol bir wagtyň özünde iki we ondan köp bukjalary ornaşdyrmaga
- bukjany awtomatik uzaltmak mümkinçiligi    
 
«INTERNET BUKJALAR» HYZMATYNA BIRIKDIRILME
Hyzmaty aşakdaky ýaly birikdirip bolýar:
-    USSD-menýu *120#
-    telefonda «Internet M» üçin *830# aýlamaly;
-    telefonda «Internet L» üçin *831# aýlamaly;
-    telefonda «Internet XL» üçin *832# aýlamaly;
-    telefonda «Internet XXL» üçin *833# aýlamaly;
-    www.mts.tm saýtynda Internet-kömekçi arkaly;
-    satuw ofislerinde
Bukja işledilenden soňra müşderiniň hasabynda pul serişdeleri bar bolan şertinde Internet-bukjalaryň birikdirilmegi mümkindir.   
(«Internet» hyzmaty bilen işlemek üçin müşderiniň hasabynyň iň kiçi bosagasy– 0 manat).

Bukjanyň bahasy işledilen wagty alynýar.
Bukja işledilmezinden öň, müşderide «Internet» hyzmaty işledilen bolmalydyr. (eger bukja işledilen wagty «Internet» hyzmaty
işledilmändigi belli bolsa, işletmek üçin arza döredilýär).

Galan girizilen trafigi barlamak üçin USSD-buýruk - *123#1#7#
 
Internet-bukja Gündizki
bukjanyň
göwrümi
Goşmaça gijeki bukjasy    Bukjanyň
 bahasy (GBS bilen)
Bukjanyň gutarmagy
hakda habar
bermegiň çägi
«Internet M» 200 Мb 400 Мb 10 manat 199 Mb galanda
«Internet L» 500 Мb 1 Gb (1024 Mb) 20 manat 400 Mb galanda
«Internet XL» 1 Gb (1024 Мb) 10 Gb 50manat 500 Mb galanda
«Internet XXL» 5 Gb 20 Gb 150 manat 1 Gb galanda

Bellik
Gije: sagat 01:00-07:00.
Girizilen trafigiň degişli göwrümi bukjany işledilenden soň 30 senenama güniň dowamynda ulanylyp bilner.
                  
GOŞMAÇA ÖLÇEGLERI
Iki we ondan köp Internet-bukjalary birikdirende ilki bilen has köp göwrümli bukja harçlanýar.

AWTOMATIK UZALTMAK
Bukjanyň möhletiniň gutarmagyna 1 gün galanda hem-de gündizki bukjanyň gutarmagy hakda habar bermegiň çägine ýetende
müşderä bukjany awtomatik uzaltmak teklip bilen SMS-habarnama gelýär.
Eger-de şu SMS-iň jogabyna müşderi «1» ýazyp SMS iberse, täze bukja birikdirilmez,
şunlukda goşmaça gijeki bukjanyň ulanylmadyk trafigi bolsa saklanylmaýar. Eger-de müşderi şeýle SMS ýazyp ibermese,
onda öňki bukjanyň göwrümi ýa-da möhleti gutarandan soň 20-30 minudyň dowamynda täze bukja awtomatik birikdiriler
(hasabynda ýeterlik pul serişderleri bar bolanda).
Şunlukda goşmaça gijeki bukjanyň ulanylmadyk trafigi bolsa hem saklanylmaýar.Täze bukjanyň möhlei – birikdirilen pursatyndan 30 gün.
Internet-bukjanyň awtomatik uzaltmak wagtyň dowamynda internet-trafigi nyrh meýilnamasynyň bellenilen şertlerine görä
nyrhlandyrylýar ýa-da has kiçi göwrümli bukja harçlanýar, eger-de başda iki we ondan köp dürli göwrümli bukja birikdirilen bolsa.
Awtomatik uzatlmak üstünlikli amala aşyrylan bolsa müşderi iki SMS alýar. Birinji SMS-de – hyzmatyň öçürmegi hakda habarnama,
Ikinji SMS-de – hyzmatyň birikdirmegi hakda habarnama.

Hyzmatdan peýdalanmak Siziň üçin ýakymly bolsun!