Maglumatlary geçirmek akymyny nyrhlandyrma ulgamy


Maglumatlary geçirmek trafigini tegelekleme ulgamy*:

Internet-birikmede berlen we kabul edilip alnan maglumatlaryň jemi göwrümi, 1Kbaýta çenli takyklyk bilen ýokary tarapa tegeleklenýär. Emele gelen göwrüm 1024-e bölmek arkaly megabaýtlara geçirilýär, oturdan soňra 4 belgä çenli tegeleklenýär we onluk drob görnüşinde çykarylýar.

1 Kbaýt = 1024 baýt, 1 Mbaýt = 1024 Kbaýt

Maglumatlary geçirmek ulgamyny nyrhlandyrma ulgamy:

Onluk sanyň 4 belgisine çenli tegeleklenen görnüşindäki trafigiň göwrümi 1 Mbaýtyň bahasyna köpeldilýär, netijede emele gelen möçber oturdan soňra 2 belgä çenli tegeleklenýär we onluk drob görnüşinde çykarylýar.


*Ulanylan maglumatlary geçirmek trafigini hasaba alyş ulgamy, müşderiniň enjamynda oturdylan  maglumatlary geçirmek trafigini hasaba alyş ulgamyndan tapawutlanyp biler.