“MTS – Türkmenistan” paýtagtda aragatnaşygyň hilini kämilleşdirdi

09 Awgust 2017

Täze esasy beketler Aşgabadyň halkara aeroportynyň, “Aşgabat” myhmanhanasynyň, “Çarwadar” söwda merkeziniň çäklerinde gurnalan. Mundan başgada, kompaniýa 2G we 3G ulgamlarynyň hilini M. Gorkiý we Görogly köçeleriň çatrygynda, Garaşsyzlyk köçesinde, şeýle hem şu salgy boýunça: Parahat 7/2 kiçi etrapçada kämilleşdirdi. Işler ulgam ýüklenmesine gözegçilik seljermesiniň esasynda, şeýle hem müşderleriň ýüzlenmeleriniň  netijesinde geçirildi.
MTS 3G ulgamyny işjeň ösdürip, aragatnaşygyň hilini has hem kämilleşdirmäge dowam eder.