«MTS-Türkmenistan» HJ-niň welaýat merkezlerinde müşderiler bilen hasaplaşygyň ýatyrylmagy.

01 Ýanwar 2018

«Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy 1-nji ýanwar 2018-nji ýyl senesinde sagat 00:00-da «MTS-Türkmenistan» HJ tarapyndan kärendä alnan aragatnaşyk kanallarynyň öçüriljekdigi barasynda «MTS-Türkmenistan» HJ-ine habar berdi.

Şu sebäpli «MTS-Türkmenistan» HJ, Kompaniýanyň Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat, Mary we Türkmenbaşy şäherlerindäki edaralarynda müşderileri bilen hasaplaşyk geçmegi dowam etmäge tehniki taýdan mümkinçiligi ýok. «MTS-Türkmenistan» HJ şäher Aşgabat, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Niýazow adyndaky şaýoly, 85-nji jaýy salgysynda ýerleşýän, müşderilerine hyzmat ediş merkezinde, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen müşderiler bilen hasaplaşyk boýunça talaplaryny doly göwrümde ýerine ýetirmekligi dowam eder.