MTS-Türkmenistandan rouming bilen
dünýäniň 154 ýurdunda!


Hormatly  müşderiler, biz Size öz hyzmatlarymyzy diňe bir Türkmenistanyň çäklerinde däl-de, eýsem bütin dünýäde hödürlemeklige taýýar. “Halkara Rouming” Size ELMYDAMA ARAGATNAŞYKDA BOLMAKLYGA kömek eder!

Roumingde bolnanda müşderi özüniň telefon belgisini saklap galýar, onuň belgisine jaň edenlerinde, oňa jaň edýänler onuň nirededigini bilmän bilerler, çagyryşyň marşrutlaşdyrylmagy awtomatiki usulda ýerine ýetirilýär.

Rouming zolagynda bolnanda nyrh kesmek, rouming nyrhnamalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Siz  rouming boýunça nyrhnamalar  bilen    satuw we hyzmat ediş Ofislerinde tanyşyp bilersiňiz. Biz Size  barylmagy çaklanylýan   ýurtda laýyk gelýän operator saýlamaklyga we hyzmatlardan peýdalanmaklygyň düzgünleri bilen tanyşmaklyga kömek ederis.

Russiýa Federasiýasynyň, Ukrainanyň, Belarussiýanyň, we Ermenistanyň  çäklerinde aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän MTS kompaniýalarynyň topary Sizi özüniň ýeňillikli şertleri we hyzmat etmekligiň ýokary huili bilen begendirer.