Roumingi nädip birikdirmeli

“Halkara rouming” hyzmaty islendik girýän jaňlary kabul etmäge we bolunýan ýurtda çykýan jaňlary amala aşyrmaga mümkinçiligi üpjün edýär.“Halkara rouming” hyzmatlaryny birikdirmeklik, azyndan 855 manat möçberinde depozitiň geçirilmegi şerti bilen, mugt amala aşyrylýar.  

Hyzmatlary işletmek üçin zerur bolan resminamalar:

  • şahsy taraplar üçin – müşderiň şahsyýetini tassyklaýan resminama (pasporty, ýaşaýan ýeri hakynda kepilnama bilen, ofiseriň şahsyýetini tassyklaýan şahsyýetnama ýa-da kepillendiriji tarapyndan tassyklanan ynanç haty we ynanylan adamyň pasporty (harby gullukçynyň şahsyýetini tassyklaýan şahsyýetnama);
Hyzmat diňe satuwlaryň we hyzmatyň islendik ofisinde müşderiiň şahsy ýüz tutmasy bolanda işledilýär.
  • edara görnüşindäki taraplar üçin: hyzmatyň birikdirilen we aýrylan senesini görkezmek bilen, “Halkara rouming” hyzmatlarynyň berilmegi hakynda haýyş bilen guramadan möhürli, kärhananyň ýolbaşçysynyň we baş hasapçysynyň goly bilen hat.
Halkara rouming bilen baglanyşykly meseleler ýüze çykanda şu telefonlar boýunça Sorag-jogap gullugyna ýüz tutuň: (+993 66) 300890, 0890
 

Üns beriň! Müşderi halkara roumingde bolan bolan ýagdaýynda, MTS-iň habar beriji belgilerine ykjam telefondan edilýän jaňlar töleglidir.
Müşderi halkara roumingde MTS kompaniýasynyň ulgamlarynda bolan bolan ýagdaýynda, MTS-iň habar beriji belgilerine ykjam telefondan edilýän jaňlar tölegsizdir.