Nädip tölemeli


Roumingde bolanyňyzda Siz ekspres töleg kartlarynyň kömegi bilen öz hasabyňyzyň üstüni ýetirip bilersiňiz. 
Roumingde nyrhlandyrma ilkinji sekuntdan başlap, ýokary tarapa bütin minuda çenli tegelemek bilen, minutlaýyn amala aşyrylýar. Girýän SMS mugtdyr. Girýän jaňlar töleglidir.

Töleg kartlary
Töleg kartlary — munuň özi hasabyň üstüni özbaşdak doldurmak üçin tölegiň amatly serişdesidir. Töleg kartyndan Türkmenistandaky ulgamyň çäginde hem-de roumingde bolanda peýdalanmak bolýar. Dürli gymmatly töleg kartyny MTS salon dükanlaryndan, dilerleriň salonlaryndan we hyzmatdaşlaryň söwda nokatlaryndan satyn almak bolýar.