MTS müşderisine gollanma

Nämeleri bilmek zerur?

  • Roumingde çykýan jaňlar hem, girýän jaňlar hem tölenilýär.
  • Roumingde nyrhlandyrma minutlaýyn (ýokary tarapa tegeleklemek bilen) amala aşyrylýar. Roumingde edilen jaň üçin töleg birnäçe sagatdan ýa-da günden soň alynyp biliner.
  • Roumingde jaňlar we SMS üçin tölegler rouming nyrhlary boýunça amala aşyrylýar. Nyrhlary Sorag-jogap gullugynda +99366 300890, 0890 telefonlar boýunça ýa-da satuw ofislerinde anyklap bilersiňiz. Nyrhlary +99312425205, 0890 belgili telefonlar boýunça Habarlaşma merkezinde ýa-da satuw ofislerinde öňünden bilmek bolýar.
Üns beriň! Müşderi halkara roumingde bolan ýagdaýynda, MTS-iň habar beriji belgilerine ykjam telefondan edilýän jaňlar töleglidir.
Müşderi halkara roumingde MTS kompaniýasynyň ulgamlarynda bolan bolan ýagdaýynda, MTS-iň habar beriji belgilerine ykjam telefondan edilýän jaňlar tölegsizdir.
  • Roumingde “Size jaň etdiler” hyzmaty elýeterli we tölegsizdir.
  • Operatoryň (rouming hyzmatdaşynyň) hereket ediş zolagyna giren ýagdaýynda, müşderi üçin aragatnaşyk hyzmatlary awtomatiki görnüşde elýeterli bolýar.
  • Ulgam awtomatiki görnüşde elýeterli bolmadyk ýagdaýynda – aragatnaşyk operatoryny, ulgamyň kody boýunça telefonda elden saýlamaly.
Nokia üçin:
menýu → sazlamalar → telefonyň sazlamalary → operatory saýlamak → elden → ulgamyň kody boýunça operatory saýlamak
HTC üçin:
menýu → sazlamalar → mobil internet → ulgamyň operatory → ulgamy gözlemek → ulgamyň kody boýunça operatory saýlamak
Samsung üçin:
menýu → sazlamalar → goşmaça sazlamalar → mobil ulgamlar → ulgamyň operatory → ulgamlary gözlemek → ulgamyň kody boýunça operatory saýlamak
LG üçin:
menýu → sazlamalar → ýene → mobil ulgamlar → aragatnaşyk operatorlary → ulgamlary gözlemek → ulgamyň kody boýunça operatory saýlamak
iPhone üçin:
menýu → sazlamalar → operatorlar → awtomatiki → öçürmek → ulgamyň kody boýunça operatory saýlamak
 
Ulgamyň kodlary baradaky maglumaty “halkara roumingi” hyzmatynyň nyrhlary baradaky maglumat bilen bilelikde almak bolýar.
 
MTS toparynyň kompaniýalarynyň işleýän ýurtlarynda müşderilere ýeňillikli rouming hödürlenýär (hut şu operatorlaryň ulgamynda hasaba alynmak maslahat berilýär):
  • Russiýa – MTS, ulgamyň kody  MTS, MTS-RUS, RUS-01;
  • Belarus – MTS, ulgamyň kody 257 02, MTS BY
  • Ermenistan – Vivacell, ulgamyň kody VIVACELL, RA 05.
Çykýan jaňlar we SMS üçin belgini, haýsy ýurtda bolýandygyňyza garamazdan, halkara formatynda aýlamak maslahat berilýär (+, ýurduň kody, şäheriň ýa-da öýjükli operatoryň kody, müşderiniň belgisi). Belgini öz telefonyňyzyň ýazgylar kitapçasyndan aýlan mahalyňyzda ünsli boluň.
Roumingde SMS hyzmatlary öý SMS merkeziniň belgisini (+99366322222) üýtgetmezden elýeterlidir.

Mysal üçin:
Aşgabatdaky şäher belgisine jaň +993 12 ХХХХХХ
MTS belgisine jaň  +993 66/67/68/69 XXXXXX
Russiýa jaň +7 XXX XXXXXXХ
BAE jaň +971 ХХ ХХХХХХХ
Türkiýä jaň +90 XXX XXXXXXX

Girýän jaňlarda belgini aýlamagyň kadalary üýtgemeýär.
Galyndyny (balansy) *111# ýa-da *123#1#1# aýlap barlamak bolýar. Roumingde edilen jaň üçin tölegiň, birnäçe günden soň alnyp bilinýändigi sebäpli, galyndynyň (balansyň) möçberi takyk däl bolup biler.
Hasabyň üstüni, Türkmenistanda satyn alnan töleg kartynyň kömegi bilen, telefonda *112#kartyň belgisi# aýlap doldurmak bolýar.