Öýjükli geçirimler

Ýakyn adamyň hasabynyň üstüni ýetirmek üçin töleg kartyny satyn almak ýa-da kompaniýanyň ýakyndaky ofisini agtarmak hökman däl – muny öz öýjükli telefonyňyzdan ediň! «Öýjükli geçirimler» Size puly öz hasabyňyzdan islendik wagt "MTS"-iň beýleki müşderiniň hasabyna geçirmäge mümkinçilik berýär.

Hyzmat diňe Türkmenistanyň şahsy taraplaryna, raýatlaryna berilýär.
Anyk maglumatlary satuw we hyzmat ediş ofislerinden alyp bilersiňiz.
Telefony: 0890

Puly öz hasabyňyzdan "MTS"-iň beýleki müşderiniň hasabyna geçirmek üçin ýüztutmany ibermek gerek, şondan soň pul geçirimini tassyklamaly.

Ýüztutmany ibermek
Şu komandany aýlaň: *113# müşderiň telefon belgisi # geçirimiň pul möçberi #
Müşderiň telefon belgisini 8 belgili ölçegde aýlaň, Mysal üçin: 66322222.
Geçirimiň pul möçberini bütewi san hökmünde – manatda görkeziň.
Üns beriň! Ýüztutmany iberip, Siz hyzmaty bermegiň şertleri bilen ylalaşýarsyňyz.

USSD-komandasy iberilenden soň Siz geçirimi tassyklaýan SMS-hasabytyny alarsyňyz.
Eger USSD-komandasy sypaýylyk bilen düzülmese, onda Siz iberilen USSD-komandasyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bolmazlygynyň sebäpleri görkezilen USSD-habaryny alarsyňyz. Tölegi alyja Siz tarapyndan görkezilen pul möçberi üçin onuň hasabynyň doldurylandygy hakynda SMS-habar hem geler.
Serişdeleri geçirýänler üçin çäklendirmeler:

Bir pul geçiriminiň möçberi - azyndan 1 manat
Geçirimden soň Siziň hasabyňyzdaky iň az galyndy - 3 manat
Gije-gündizde geçirimiň ýokary möçberi - 1500 manat
Bir gezek üçin geçirimiň ýokary möçberi - 100 manat
Geçirim üçin ýüztutmalaryň ikisiniň arasyndaky iň az aralyk - 5 minut
Bir müşderi üçin gije-gündizde geçirimleriň mümkin bolan ýokary sany - 10 gezek

Gije-gündizde ýerli wagt bilen 00:00:00-dan 23:59:59 aralygyndaky wagtlaýyn interwal kabul edilýär.