«Wagtlaýyn töleg» hyzmaty

Hormatly müşderiler!
 
«Wagtlaýyn töleg» hyzmaty hasabyň nol we minus balansynda hem aragatnaşykda galmaga mümkinçilik berýär. «Wagtlaýyn töleg» hyzmatynyň birikdirilen pursatyndan başlap, aragatnaşyk hyzmatlarynyň peýdalanylyşyny üç senenama gününe çenli uzaldyp bolýar. «Wagtlaýyn töleg» hyzmatyny položitel balansda hem birikdirip bolýar.

Anyk maglumatlary satuw ofislerinden alyp bilersiňiz.
Telefon: 0890, +99366 300890
Ähli bahalar manatda GBS bilen görkezilen.
Ähli müşderiler – aktiwleşdirmeden soň 90 gün geçen we hasaby -1 manatdan az bolmadyk fiziki şahslar. Müşderiniň aktiwleşdirmesi diýip, birinji gezek çagyryşy amala aşyrmaklyga, ilkinji SMS-i ibermeklige/kabul etmeklige, “Internet” hyzmatlaryny ilkinji gezek peýdalanmaklyga aýdylýar.
Hyzmaty birikdirmek üçin *150# tabşyrygy aýlamaly we wagtlaýyn tölegiň gerekli pul möçberini saýlamaly. «Wagtlaýyn töleg» hyzmatyny birikdirmegiň bahasy 0,20 manat bolup durýar we saýlanyp alnan pul möçberine bagly däldir. Hyzmat birikdirilenden soň, müşderiniň hasaby awtomatik suratda saýlanan pul möçberine artýar we hyzmaty birikdirmegiň bahasyna deň möçbere azalýar. Hyzmat diňe awtomatik suratda kesileninden soň, onuň gaýtadan birikdirilmegi mümkindir.
 
«Wagtlaýyn töleg» hyzmaty aktiwleşdirilende saýlap alyp bolýan pul möçberi.
Wagtlaýyn tölegiň mümkin bolan möçberi 1, 2, 3, 4 ýa-da 5 manat bolup durýar.
«Wagtlaýyn töleg» hyzmaty birikdirilen pursatyndan 3 gün geçenden soň, awtomatik suratda kesilýär. Şunda, müşderiniň hasaby wagtlaýyn tölegiň ozal saýlanan möçberinde azalýar.