Tölegleri kabul ediş terminallary

Biziň kompaniýamyz Size elektron pin-kodlary berýän terminallaryň kömegi bilen tölegleri kabul etmegiň tehnologiýasyny hödürleýär.

Bu tehnologiýa biziň kompaniýamyzyň müşderileri tarapyndan öýjükli aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleriň tölenmegini sadalaşdyrýar.
Tölegleri kabul ediş terminalyndan berilýän çekdäki 12 sandan ybarat bolan pin-kody USSD-buýrugyň kömegi bilen müşderiň öýjükli telefonyna girizmeli:
*112#[12-belgili pin-kod]#SEND

Tölegleri kabul ediş terminalyndan berilýän çek, Ekspress töleg kartynyň (ETK) meňzeşidir.
Tölegleri kabul ediş terminalynyň kömegi bilen, satuwlaryň diler nokatlarynda hasaby doldurmak bolýar.