Hasabyň jikme-jikleşdirmesi

HASAP BOÝUNÇA

Islendik hasaplaşyk aýy üçin detallaşdyrylan hasap kompaniýanyň satuwlar we hyzmat ediş islendik ofisinde Peýdalanyjynyň haýyşy boýunça Şertnamanyň baglaşylan pursadyndan başlap döwür üçin berilýär. Jikme-jikleşdirilen hasapda talap edilen hasaplaşyk döwri üçin müşderi belgisi boýunça ähli hasaplap goşulmalar görkezilýär.
Hasabyň jikme-jikligi mugt berilýär.

BIRIKDIRMELER (JAŇLAR) BOÝUNÇA

Jaňlar boýunça jikme-jikleşdirilen hasabat diňe MTS-iň ofisinde, öňki 3 aý galanda we diňe eýesiniň şahsyýetini tassyklaýan resminama görkezilende müşderi belgisiniň diňe öz eýesine berilýär.

Eýesi bolmadyk mahalynda jaňlar hakynda jikme-jik hasabat kepillendiriş taýdan tassyklanan ynanç haty görkezilende ynanylan adama hem berlip bilner.
Jaňlar hakynda jikme-jikleşdirilen hasabat birikdirmegiň wagtyny, dowamlylygyny görkezmek bilen soralan döwür üçin bolup geçen birikdirmeler we edilen belgiler hakynda maglumaty özünde saklaýar. Jaňlar hakyndaky jikme-jikleşdirilen hasabat – tölegli hyzmatdyr. Hyzmatyň bahasy hakynda Size satuwlar we hyzmatlar ofisleriniň işgärleri habar berýärler.

BALANS BOÝUNÇA (ŞAHSY HASAPDAN GÖÇÜRME)

Balans boýunça jikme-jikleşdirilen hasabat şahsy hasaba serişdeleriň geçirilendigi we eýesiniň şahsy hasapdan serişdeleri harçlandygy hakynda, şeýle hem berlen hasaplar hakynda göçürmedir. Jikme-jikleşdirilen hasabat islendik döwür üçin MTS-iň merkezi ofisinde (Aşgabat, Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow şaýoly, 85) berilýär.

Hasabyň jikme-jikleşdirilmegi mugtuna berilýär.