SIM-kartany beklemek


Siziň öýjükli telefonyňyz ýitirilende ýa-da ýitende ony rugsat berilmedik peýdalanmadan gaça durmak üçin Siziň belgiňizi derhal beklemek üçin kompaniýanyň ýakyndaky satuwlar we hyzmatlar ofisine ýa-da 0890 (MTS müşderileri üçin) ýa +99366 300890 (şäher telefonlaryndan) belgileri boýunça Sorag-jogap gullugyna ýüz tutmagyňyz zerurdyr. Beklemegiň bahasy 5 manat (esasy hasapdan tutulýar)
 
Ýiten (ogurlanan we ş.m.) mahalynda MTS kompaniýasyna arza berilmegine çenli eýesi tölegiň ähli borçnamalary bilen SIM-karta üçin doly jogapkärçilik çekýär. 

Siz MTS-iň islendik satuwlar we hyzmatlar ofisinde arza ýazyp hem aşakdaky resminamalaryň birini görkezip, öz SIM-kartaňyzy mugt dikeldip bilersiňiz.
 
Türkmenistanyň raýatynyň pasporty,
Daşary ýurda gitmek üçin pasport,
Sürüjilik şahadatnamasy,
Harby bilet.