Eýesini çalyşmak

Şertnamany gaýtadan resmileşdirmek MTS-iň salon dükanlarynyň birinde berýän we kabul edýän taraplaryň özleri ýüz tutanlarynda amala aşyrylýar. Haçan-da Şertnama gaýtadan resmileşdirilende taraplaryň biri şahsy tarap bolsa, onuň özüniň gatnaşmagy ýa-da kepillendiriş taýdan tassyklanan ynanç haty bilen onuň wekiliniň özüniň gatnaşmagy zerurdyr.
 
“Eýesini çalyşmak” hyzmaty müşderilere ähli hereket edýän nyrh meýilnamalary bilen berilýär.

BERÝÄN TARAP:

Şahsy tarapdan şu aşakdakylar talap edilýär:
  • kabul edýän tarapyň maglumatlaryny we öz goluny görkezmek bilen Şertnamany gaýtadan resmileşdirmek hakynda arza;
  • şahsyýeti tassyklaýan resminama.
Edara görnüşli tarapdan şu aşakdakylar talap edilýär:
  • ýolbaşçynyň öz goly we guramanyň asyl nusgadaky möhri bilen kabul edýän tarapyň maglumatlaryny görkezmek bilen Şertnamanyň gaýtadan resmileşdirilmegi hakynda arza (guramadan onuň ýolbaşçysy üçin Şertnama gaýtadan resmileşdirilende berýän tarapyň arzasy ynanç hatynyň esasynda hereket edýän wekil tarapyndan gol çekilmelidir);
  •  ynanylan adamyň pasport maglumatlaryny görkezmek bilen Şertnamanyň gaýtadan resmileşdirilmegi üçin wekile berlen ynanç haty. Ynanç haty ýolbaşçynyň goly we guramanyň asyl nusgadaky möhri bilen tassyklanylýar;
  • wekiliň şahsyýetini tassyklaýan şahsyýetnamasy

KABUL EDÝÄN TARAP:

Şahsy tarapdan şu aşakdakylar talap edilýär:
  • şahsyýeti tassyklaýan resminama
Edara görnüşli tarapdan şu aşakdakylar talap edilýär:
  • Ynanylan adamyň pasport maglumatlaryny görkezmek bilen Şertnamany resmileşdirmek üçin wekiliň ynanç haty. Ynanç haty ýolbaşçynyň goly we guramanyň asyl nusgadaky möhri bilen tassyklanylýar;
  • Wekiliň şahsyýetini tassyklaýan şahsyýetnamasy
Ynanylan adam resmileşdirilende Şertnamany möhür bilen tassyklamaga mümkinçiligi bolmadyk halatynda Şertnamany eline alýar.

BELLIKLER:
  • Şertnamanyň täze eýesi müşderi belgisiniň birikdirilen hyzmatlary üçin tölegiň ähli şertlerini kabul edýär. Eger täze eýesi hyzmatlar bukjasyny çalyşmak islese, ol aýry-aýry hyzmatlaryň öçürilmegi üçin arza ýazýar.
  • Eýesi çalşan mahalynda Şertnama şol bir adam tarapyndan dürli taraplardan gol çekilip bilinmez (onuň şahsy ýa-da edara görnüşindäki tarapdygyna garamazdan).
  • Şertnamanyň gaýtadan resmileşdirilen pursadynda berýän tarap ähli bergilerini üzmelidir.
  • Gaýtadan resmileşdirilen pursadynda şahsy hasapda durýan ähli pul serişdeleri täze eýesine geçýär.
  • Şertnamany gaýtadan resmileşdirmegiň bahasy täze eýesiniň hasabyndan hasapdan öçürilýär.
  • Kabul edýän we berýän taraplaryň arasyndaky ähli maliýe meseleleri MTS gatnaşmazdan çözülýär.
  • Hyzmatlaryň berilýän nyrh meýilnamalarynyň doly sanawyny Siz satuwlar we hyzmatlar ofislerinden takyklap bilersiňiz.
Türkmenistanyň raýatlary üçin:
•    Türkmenistanyň raýatynyň pasporty*;
Harby gullukçylary üçin:
•    Harby gullukçynyň şahsyýetnamasy bilen ýaşaýyş ýeri hakda kepilnama;
Deňizçileri üçin:
•    Deňizçiniň hakyky şahsyýetnamasy;
*Kämillik ýaşyna ýeten adamlar