Bize jaň etmek uçin
(+99312) 42 52 05

Kod sözi

Kod sözi — MTS-iň Gatnaşyk merkezine ýüzlenilende pasportyň we şahsyýeti tassyklaýan beýleki şahsyýetnamalaryň maglumatlaryny çalyşýan abonentiň werbal anyklaýjysydyr.

Siz öz islegiňize görä kod sözüni islendik adamlara berip bilersiňiz, olar soňra Gatnaşyk merkezi tarapyndan berilýän hyzmatlaryň tutuş sanawyny alyp bilerler. Şunda MTS kod sözüni beýleki adamlara bermek hakynda abonentden habarnama talap etmeýär. Degişlilikde kod sözüni aýdan islendik adam telefon boýunça we hyzmat üçin ýüztutmalar boýunça, kod sözi boýunça abonent hyzmaty edilende berilýän hyzmatlaryň tutuş spektoryny alyp biler.

Siz kompaniýanyň satuwlaryň we hyzmatlaryň islendik ofisinde şahsyýetiň şahsyýetnamasy bilen şahsy ýüztutulanda kod sözüni belläp bilersiňiz. Kod sözi diňe MTS-iň Gatnaşyk merkezine jaňlarda peýdalanylýar. Ofisdäki hyzmat abonentiň ýa-da onuň kanuny wekiliniň şahsyýetini tassyklaýan şahsyýetnamany görkezmek bilen ýa-da zerur ynanç haty bolanda abonentiň ýa-da onuň kanuny wekiliniň şahsy ýüztutmasyny talap edýär.

Kod sözüni diňe telefon boýunça abonent taýdan hyzmat edilende peýdalanyp biler.

Kod sözüni bellän abonent kod sözüniň gowy saklanmagy üçin şahsy jogapkärçilik çekýär.