«Internet-Kömekçi» ulgamyndan peýdalanmak hakynda ylalaşyk

Öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we berlen ygtyýarnamalaryň şertlerine laýyklykda amala aşyrýan “MTS-Türkmenistan” HJ, ýerleşýän ýeri – Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow şaýoly, 85, “Internet-Kömekçi” ulgamyndan peýdalanmak hakynda şu Ylalaşygy “MTS-Türkmenistan” HJ-nyň saýtynda çap edip ýaýradýar (mundan beýläk “Ylalaşyk”), ol “MTS-Türkmenistan” HJ bilen öň Aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek Şertnamasyny (mundan beýläk “Şertnama”) baglaşan şahsy taraplara hem, edara görnüşli taraplara hem (mundan beýläk “Peýdalanyjy”) “MTS-Türkmenistan” HJ-nyň köpçülikleýin Ofertasy (teklibi) bolup durýar:

1. ulanylyş çygyry

Şu Ylalaşyk boýunça “MTS-Türkmenistan” HJ, www.mts.tm resmi saýtynda Peýdalanyja bellän paroly arkaly, öz hasabyny we Ulgamda sanalyp geçilen hyzmatlaryň toplumyny (mundan beýläk “Hyzmatlar”, ýazmaça arza ýa-da ylalaşyga laýyklykda “MTS-Türkmenistan” HJ tarapyndan Peýdalanyja edilýän haýsydyr bir hyzmaty hasaba almazlyk bilen) özbaşdak dolandyrmaga mümkinçilik berýän “Internet-Kömekçi” ulgamyndan (mundan beýläk “Ulgam”) peýdalanmak mümkinçiligini döredýär, Peýdalanyjy bolsa şu Ylalaşygyň şertlerini kabul edýär, öz parolynyň ýaşyrynlygy boýunça jogapkärçilik çekýär we Ulgamyň kömegi bilen edilen Hyzmatlary, Şertnamanyň çäklerinde öz şahsy hasabyndaky serişdeleriň hasabyna, hereket edýän Hyrh meýilnamasynyň şertlerine laýyklykda töleýär.

2. YLALAŞYGYŇ ŞERTLERINI KABUL ETMEK

2.1. Edara görnüşli ýa-da şahsy tarapyň Hyzmatlardan Peýdalanyjy hökmünde “MTS-Türkmenistan” HJ-nyň saýtynda hasaba alynmagy (mundan beýläk “Hasaba alynmak”) şu Ylalaşygyň şertleriniň doly we gürrüňsiz tassyklanmagy (kabul edilmegi) bolup durýar. “MTS-Türkmenistan” HJ bilen bir hatarda, Peýdalanyjy şu Ylalaşyk boýunça tarap bolýar.
2.2. Bellän parolynyň girizilmegi arkaly Peýdalanyjynyň Ulgamda Hasaba alynmagy Ulgama şowly giriş pursatyndan bolup geçýär. Peýdalanyjy, Ulgamyň ulanylmagyna, “MTS-Türkmenistan” HJ tarpyndan şu Ylalaşygyň şertleriniň, degişli wagt pursatyndan doly we gürrüňsiz kabul edilmegi hökmünde baha beriljekdigine düşünýär we munuň bilen ylalaşýar. 

3. PAROLYŇ GORAGLYLYGY

3.1. Peýdalanyjy bellän Ulgama elýeterlik parolynyň goraglylygy we şol parolyň rugsatsyz peýdalanylmagy sebäpli ýüze çykyp biljek zyýan üçin doly jogapkärçilik çekýär. Peýdalanyjy bellän parolynyň ýaşyrynlylygyny berjaý etmäge borçlanýar. “MTS-Türkmenistan” HJ, HYZMATLARYŇ ÜÇÜNJI ŞAHSLAR TARAPYNDAN RUGSATSYZ PEÝDALANYLMAGY SEBÄPLI ÝÜZE ÇYKAN ZYÝAN ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK ÇEKMEÝÄR WE OLARYŇ ÖWEZINI TÖLEMEÝÄR.
3.2. Peýdalanyjynyň üçünji şahslaryň özüne degişli maglumatlaryny (atlaryny, salgylaryny, telefonlaryny we ş.m.) ulanmaga, şol sanda paroly bellemek üçin, haky ýokdur, bu şahslaryň özlerine degişli maglumatlary ulanmaga Peýdalanyja ygtyýar bermegi ýagdaýlary muňa girmeýär.

4. ULGAMYŇ HYZMATLARYNDAN PEÝDALANMAK

4.1. Peýdalanyjy Hyzmatlardan diňe şu Ylalaşykda görkezilen maksatlarda peýdalanmaga borçlanýar. 
4.2. Peýdalanyjy öz enjamyny, onuň resurslarynyň üçünji şahslar tarapyndan bet niýetli ulanylmagyna böwet bolar ýaly sazlamak üçin zerur bolan çäreleri görmäge, şeýle hem şunuň ýaly ulanmalar ýüze çykarylan ýagdaýynda derhal jogap bermäge borçlanýar.
4.3. Peýdalanyjy Ulgama ähli ýüz tutmalar we Peýdalanyjynyň anyklaýyş ady we paroly girizilende ýüze çykan hem-de Ulgama ýüz tutmak arkaly edilen hereketler üçin doly jogapkärçiligi çekmäge borçlanýar. 
4.4.Ulgamy Peýdalanyjynyň işi “MTS-Türkmenistan” HJ-nyň göçme radiotelefon aragatnaşygynyň müşderileriniň we Türkmenistanyň beýleki gözme aragatnaşyk operatorlarynyň müşderileriniň işine päsgel bermeli däldir. 
4.5. Peýdalanyjynyň, müşderileriň şikaýatlaryna sebäp bolýan, şu Ylalaşygyň şertleriniň Peýdalanyjy tarapyndan bozulýandygyna şaýatlyk edýän islendik hereketleri ýol berilmesizdir we şu Ylalaşygyň şertleriniň bozulmagy bolup durýar. 
4.6. Peýdalanyjy Ulgamyň Hyzmatlaryny hereket edýän kanunçylygyna ters gelýän haýsydyr bir hereketleri amala aşyrmak üçin ulanmazlyga borçlanýar. 
4.7. Peýdalanyjy şu Ylalaşyk bilen bellenen borçnamalaryň islendik bozulmalary, şeýle hem şunuň ýaly bozmalaryň netijeleri üçin jogapkärçilik çekýär (“MTS-Türkmenistan” HJ-nyň çekip biljek islendik ýitgileri we zyýanyny goşmak bilen).
4.8. Peýdalanyjy şu Ylalaşygyň şertlerini berjaý ýa-de ony ulanmakdan dessine ýüz öwürmäge borçlanýar.

5. ULGAMYŇ HYZMATLARYNYŇ EDILMEGI

5.1. “MTS-Türkmenistan” HJ hemişelik esasda täze önümleri we hyzmatlary girizýär. Peýdalanyjy Ulgamda edilýän Hyzmatlaryň görnüşiniň we häsiýetiniň, özüne öňünden habar berilmezden wagtal-wagtal üýtgäp bilmegi bilen ylalaşýar. 
5.2. Hiç bir ýagdaýda “MTS-Türkmenistan” HJ, Ulgamyň Hyzmatlaryndan peýdalanmagyň ýa-da peýdalanmagyň mümkin bolmazlygynyň we “MTS-Türkmenistan” HJ-nyň günäsi bolmazdan bolup geçen işdäki ýalňyşlaryň, goýbermeleriň, arakesmeleriň, ýerine ýetirişleriň üýtgemeginiň, kemçilikleriň we ş.m.-leriň netijesinde Peýdalanyja ýetirilen göni ýa-da gytaklaýyn zyýan üçin jogapkärçilik çekmeýär.
5.3. Peýdalanyjynyň telefon belgisi beklenende “MTS-Türkmenistan” HJ Peýdalanyjynyň Ulgama girmegini bes etmek hukugyny özýnde saklaýar. 
5.4. “MTS-Türkmenistan” HJ şu Ylalaşygyň şertlerini islendik wagt üýtgetmek hukugyny özünde saklaýar.

6. ŞU YLALAŞYGYŇ HEREKETINIŇ BES EDILMEGI

6.1. Şu Ylalaşygyň şertleri, taraplaryň biri Ylalaşykdan çykmak niýetini beýan edýänçä hereket edýär. 
6.2. Peýdalanyjy, hakyky alnan Hyzmatlaryň bahasynyň “MTS-Türkmenistan” HJ-ne tölenmegi şerti bilen, ony öçürmek üçin göz öňünde tutulan usullar bilen, Ulgamdan peýdalanmakdan ýüz öwürmäge haklydyr. 
6.3. Aşakdaky ýagdaýlarda “MTS-Türkmenistan” HJ Peýdalanyja Hyzmatlaryň edilmegini duýdurmazdan togtatmaga haklydyr: 
6.3.1. Peýdalanyjy tarapyndan şu Ylalaşygyň şertleriniň bozulmagy; 
6.3.2. “MTS-Türkmenistan” HJ-nyň esaslandyrylan görnüşde, şu Ylalaşygyň şertlerini bozýan diýip hasaplaýan hereketleriniň Peýdalanyjy tarapyndan amala aşyrylmagy.