Aragatnaşyk hyzmatlaryny etmegiň kadalary

I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

Madda 1. Ulanylyş ulgamy
1.1.  «MTS-TM» HJ-niň göçme radiotelefon aragatnaşygy üçin hyzmatlarynyň şu  düzgünnamasy (mundan beýläk  – Düzgünnama)Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda işlenilip düzülendir we göçme radiotelefon aragatnaşygy hyzmatlaryny we şunuň bilen bagly (serwis, maglumat-habar bermek hyzmaty, maglumatlary geçirmek we beýleki) hyzmatlary etmek boýunça Operator bilen Abonentiň  arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrýar.
Şu Düzgünnama Operator tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär, açyk oferto bolup durýar we Abonent tarapyndan diňe oňa doly goşulyşmak ýoly arkaly kabul edilip bilinýär.
1.2.   Şu Düzgünnamanyň şertleri taraplaryň Abonentiň enjamy edinmek bilen bagly meseleleri boýunça gatnaşyklaryna degişli däldir. 
1.3.   Operatoryň hyzmatlary Abonent tarapyndan lotereýalary, ses bermeleri, bäsleşikleri, sorag-jogap ýaryşlaryny, mahabatlary, sorag geçirmekleri, habarlary köpçülikleýin ibermek, Internet-telefoniýa we berkidilen aragatnaşyk ulgamyna birikmek üçin berkidilen geçelgeleri (şlýuzlary) goýmak we ş.m.-lar barada Operator bilen goşmaça ýazmaça ylalaşygy bolmazdan, ulanylyp bilinýän däldir.
1.4.  “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 47-nji maddasyna we Abonentiň Operator bilen hyzmatlary etmek barada baglaşan Şertnamasynyň şertlerine laýyklykda, Operatoryň hereket edýän we täze Tarif meýilnamalary we hyzmatlary hakyndaky maglumatlar olar girizilmezinden ozal 7 (ýedi) senenama gününden giç bolmadyk möhletde, şeýle hem birikdirmek üçin olaryň elýeterli döwründe Abonentleriň birikdirilýän we hyzmat edilýän ýerlerinde, Operatoryň Internet-saýtlarynyň we/hem-de KHBS-niň üsti bilen, USSD/SMS-habarnamalarynyň kömegi bilen, aragatnaşyk merkezlerine jaň edilende, şeýle hem USSD, SMS, WEB we beýleki öz-özüňe hyzmat ediş serwisleriniň kömegi bilen  berilýär.
1.5.   Operator tarapyndan operator hyzmatlary Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň 2015-nji ýylyň 26-njy iýulyndaky№ 1-20-21-40 Ygtyýarnamanyň (Lisenziýanyň) esasynda amala aşyrylýar.
Madda 2. Şu Düzgünnamada ulanylýan adalgalar we kesgitlemeler
Şertnamada we/ýa-da Düzgünnamada bölümleriň (maddalaryň) ählisiniň sözbaşylary diňe olary ulanmagyň (okamagyň)  amatlylygy üçin ulanylýar we Şu Düzgünnamanyň şertleriniň manysyna hiç hili täsir ýetirmeýär.
2.1.  Abonent —abonent belgisini (belgilerini) bermek bilen, göçme radiotelefon aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmek boýunça Şertnama baglaşylan şahsy ýa-da ýuridik tarap, aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyjy.
2.2.  Abonent belgisi — Şertnama laýyklykda, Operator tarapyndan nomerleme çeşmesinden bölünip alnyp,Abonente bellenilen telefon belgisi, şonuň üsti bilen Abonentiň barabarlygy we aragatnaşyk toruna birikmesi amala aşyrylýar. Bir pasport maglumatlaryna rugsat berilýän abonent belgileriniň sany Operator tarapyndan kesgitlenilýär.
2.3.  Abonent enjamy — Operatoryň toruny ulanmak arkaly maglumaty ibermäge we (ýa-da) kabul etmäge mümkinçilik berýän, aragatnaşyk toruna birikdirilýän şahadatnamaly tehniki serişde (telefon enjamy we ş.m.), we/ýa-da onuň ýanyndaky jemleýji toplumlar.  
2.4.  Töleg Kartynyň Işjeňligi — Operator tarapyndan kesgitlenilen Kartyň eýesiniň hereketleriniň yzygiderliligi, olaryň netijesinde Operatoryň Taraplyk hasabynyň (Lisewoý sçýotynyň) kesgitlenilmegi we ondaky galyndynyň ulanylan Kartyň takyklanan bahasynyň (nominalyň) ululygynda köpeltmegi.
2.5.  HAU — hasaplaşygyň awtomatlaşdyrylan ulgamy, ol Abonent tarapyndan Hyzmatlar üçin tölegiň gelşi we  Abonentiň ulanan Hyzmatlarynyň möçberi boýunça amallary hasaba almak üçin niýetlenendir.
2.6.  Şertnama — Operator bilen Abonentiň arasyndaky şu Düzgünnama laýyklykda, aragatnaşyk Hyzmatlaryny muzduna bermek baradaky özara ylalaşygy.
2.7.  Hyzmatlaryň tarif birligi — birleşdirmekligiň dowamlylygynyň tölenilýän birligi, Abonentiň tarif meýilnamasy we hyzmatlaryň bahasy bilen kesgitlenilýän abonentiň enjamyny ulanmak arkaly ýüz tutmaklygyň sany, aragatnaşyk hyzmatynyň sany, iberilen (alnan) maglumatyň göwrümi.
2.8.  Operatoryň radioörtüjilik torunyň zolagy — Çäklerinde Operator tarapyndan Hyzmatlary amala aşyrmaklygyň tehniki mümkinçiligi tassyklanylan meýdan.
2.9.  Töleg Kartasy (Karta) — zerur bolan Kart Işjeňligini (şol sanda Kart Işjeňliginiň möhletini) geçirmek üçin maglumatlary saklaýan, plastik karta ýa-da Operator tarapyndan bellenilen görnüşde, kesgitlenilen nominalda  ýerine ýetirilen özbaşdak anyk göteriji. Göçme radiotelefon aragatnaşyk hyzmatlaryny tölemek üçin ulanylýar. Abonent üçin onuň gapdal bilen başga-da goşulan hyzmatlar amala aşyrylan ýagdaýynda Operatoryň şol hyzmatlaryň tölegi üçin serişdeleri gönükdirmeklige haky bardyr.
2.10.   Şertli bellikler — Şertnama ýerine ýetirilýärkä  Abonenti barabar etmek üçin hyzmat edýän,  Operator tarapyndan kesgitlenilen görnüşde Abonent tarapyndan görkezilýän şekiller (harplar, sanlar)
2.11.   Taraplyk hasaby (Lisewoý sçýot) — amala aşyrylan Hyzmatlary hasaba almak  üçin hyzmat edýän HAU-daky analitik hasap, Şertnama boýunça Hyzmatlaryň tölegine girizilen pul serişdeleriniň gelmegi we ýerleşdirilmegi. 
2.12. Operator — Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrýan «MTS-TÜRKMENISTAN» Hojalyk jemgyýeti (MTS-TM) (ýuridik tarap).
2.13. Birleşdirijilik bosagasy — Operator tarapyndan kesgitlenilýän wagt aralygy, onuň tamamlanmagy bilen, amala aşyrylan birikdirmäniň dowam etdirilmegi Hyzmatlara tarif goýmaklygyň başlanylmagyna esas bolup durýar.
2.14.  Hasaplaşyk döwri — Abonent tarapyndan alynýan we tölenilýän Hyzmatlaryň göwrümi üçin kesgitlenilýän wagtyň dowamlylygy. Eger-de Operator tarapyndan  Hasaplaşyk döwrüniň bir aýdan az bolmadyk möhleti görkezilmedik bolsa, Hasaplaşyk döwri bir aýa deň diýlip hasap edilýär. 
2.15.  Rouming —Abonentiň başga bir (rouming) operatoryň aragatnaşyk torunda bolýan wagty Hyzmatlary almak üçin  Operator tarapyndan berilýän mümkinçilik. 
Abonent üçin Roumingiň amala aşyrylýan  meýdanlary we aragatnaşyk operatorlarynyň atlary hakyndaky doly maglumatlar Operator tarapyndan Rouming üçin Tarif meýilnamalarynda görkezilýär.
2.16.  Tarif meýilnamasy — Şertnamanyň Hyzmatlaryň bahasyny  kesgitleýän şertleri, Operator tarapyndan özbaşdak bellenilen görnüşde kesgitlenilýän hasaplaşyk usullary. Tarif meýilnamasy Şertnamada görkezilýändir. Abonentiň Serwis hyzmatlary merkezinde Şertnama hökmany ýagdaýda gol çekmek ýa-da öz-özüňe hyzmat ediş serwisleriniň: USSD, SMS, WEB we beýlekileriň kömegi bilen, Tarif meýilnamasyny üýtgetmäge mümkinçiligi bardyr. Abonent tarapyndan tarif meýilnamasynyň özbaşdak üýtgedilmegi Abonentiň saýlap alan täze Tarif meýilnamasynyň şertleri bilen razylaşýandygyny görkezýändir. Müşderiniň rugsat bermezinden Operator tarapyndan nyrh meýilnamasynyň üýtgedilmegine diňe şu Düzgünleriň 11.12 bendine laýyklykda ýol berilýär.
2.17.   Hyzmatlar — Operator tarapyndan amala aşyrylýan gös-göni we/ýa-da üçünji taraplary çekmek arkaly we/ýa-da Operatoryň Internet-saýtynyň we  öz-özüňe hyzmat ediş serwisleriniň: USSD, SMS, WEB we beýlekileriň kömegi bilen, göçme radiotelefon aragatnaşygy hyzmatlary we/ýa-da onuň ýanyna goşulan başga kontent we beýleki hyzmatlar (serwis, maglumat-habar bermek hyzmaty, maglumatlary geçirmek we beýleki). 
2.18.   SIM-karta — Abonentiň hut özüniň barabarlyk moduly, ol Operatoryň toruna elýeterliligi üpjün edýär, şeýle hem Abonentiň berlen belgisiniň rugsat berilmedik ulanylyşdan goralmagyny üpjün edýär.

II BÖLÜM. ŞERTNAMANY BAGLAŞMAGYŇ TERTIBI WE ŞERTLERI

Madda 3. Şertnamany baglaşmagyň tertibi, şertleri hereket ediş möhleti
3.1. Abonent üçin aragatnaşyk hyzmatlary onda Operatoryň aragatnaşyk torunyň GSM we SIM-kart standartly, bellenilen tehniki talaplara laýyk gelýän, sertifikatlaşdyrylan iki diapazonly abonent enjamynyň bolan ýagdaýynda amala aşyrylýar. 
3.2. Aragatnaşyk hyzmatlary Operator bilen Abonentiň arasynda baglaşylýan Aragatnaşyk hyzmatlaryny tölegli amala aşyrmak baradaky Şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar.
3.3. Şertnama bir nusgaly görnüşiň iki sanysyny doldurmak arkaly resmileşdirilýär we taraplar tarapyndan gol çekilýär. Bir görnüş Abonente berilýär. Şertnama taraplaryň gol çeken pursadyndan baglaşylan diýlip hasaplanylýar. Ýuridik taraplar we Telekeçiler bilen Şertnama baglaşylan ýagdaýynda Goşmaça ylalaşyklara gol çekilmekligi mümkindir, Şu Düzgünnama Şertnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Operatoryň hyzmatlaryndan
peýdalanylmagy Abonentiň şu Düzgünnama bilen doly ylalaşýandygyny görkezýändir. Abonent tarapyndan saýlanylan tarif meýilnamasy hem Şertnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
3.4. Şertnama we/ýa-da oňa Goşulanlar şu aşakdaky maglumatlary özünde saklaýandyrlar:
• Şertnamanyň baglaşylan senesini we ýerini;
• Operatoryň adyny (firma atlandyrylyşy);
• Operatoryň hasaplaşyk sçýotynyň rekwizitleri;
•Abonent hakyndaky maglumatlary (familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan gününiň senesi we doglan ýeri, ýaşaýan ýeri, raýat üçin —  şahsyýetligi tassyklaýan esasy resminamasynyň rekwizitleri, ýuridik taraplar üçin — guramanyň ady (firma atlandyrylyşy), ýerleşýän ýeri);
 • SIM-kartanyň belgisi;
• abonentiň başga bir aragatnaşyk operatory tarapyndan amala aşyrylýan aragatnaşyk hyzmatlaryny almaga razylygy (ret etmegi) we oňa şeýle hyzmatlary amala aşyrmak üçin maglumatlaryň berilmegi;
• abonentiň özi baradaky maglumatlary maglumat-habar bermek hyzmatlary ulgamynda ulanylmagyna razylygy (ret etmegi);
• Taraplaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçilikleri;
• Şertnamanyň hereket ediş möhleti.
 
3.5. Eger-de Şertnamada Taraplaryň başga hili ylalaşygy görkezilmedik bolsa, soňky kesgetlenilmedik möhlete baglaşylan diýlip hasap edilýär.
3.6. Operator Şertnama baglaşylandan soňra we Şertnamada we tarif meýilnamasynda göz öňünde tutulan töleg tölenen gününden üç günden kän wagt geçmezden, aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrmaga girişýändir.
3.7. Şertnama baglaşylanda, Abonente abonent belgisi we SIM-karta berilýändir.
3.8. Operatora berkidilen  abonent belgisi Abonente diňe Şertnamanyň hereket edýän döwründe berilýändir. 
3.9. Amala aşyrylan göçme radiotelefon aragatnaşygy hyzmatlarynyň tölegi tölenilen şertlerinde Abonent islendik wagt birtaraplaýyn tertipde Şertnamany ýatyryp bilýändir.
3.10. Operatorda Abonentiň rouming hyzmatlaryndan peýdalanandygy baradaky maglumat bar bolan ýagdaýynda, Abonent tarapyndan Şertnamany birtaraplaýyn ýatyrmak diňe rouming boýunça hasaplanyp goşulan puly we amala aşyrylan hyzmatlar üçin tölegi töländen soňra mümkindir.
3.11. Operatoryň Abonent tarapyndan göçme aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrmak bilen bagly we “Aragatnaşyk hakynda” Kanunda we beýleki kanunçylyk namalarynda, şeýle hem şu Düzgünnamada bellenilen,şol sanda aragatnaşyk hyzmatlary üçin töleg boýunça talaplary bozan ýagdaýynda, düzgün bozmalary aradan aýyrýança,  Abonente göçme aragatnaşyk hyzmatlaryny togtatmaga hukugy bardyr. Şunda göçme aragatnaşygy hyzmatlarynyň toruna elýeterlilik we Abonentiň gyssagly (tiz) gulluklary çagyrmak mümkinçiligi saklanylýandyr.
3.12. Hyzmatlary amala aşyrmak boýunça Şertnama taraplaryň ylalaşygy boýunça islendik wagt ýatyrylyp bilinýändir.
3.13. Abonent Şertnamany birtaraplaýyn ýatyran we/ýa-da Şertnamanyň bir ýa-da birnäçe belgileri ulanmak we bular bilen bagly goşmaça hyzmatlar  barada abonent bilen baglaşylan Göçme radiotelefon aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrmak baradaky Şertnamada görkezilen böleginiň şertlerini ýerine ýetirmekligi ret eden ýagdaýynda Operatory şu serişdeler arkaly habardar etmelidir:
• Şertnamany birtaraplaýyn ýatyrmak we/ýa-da Şertnamanyň Şertnamada görkezilen bir ýa-da birden kän bolan abonent belgileri ulanmak baradaky böleginiň şertlerini ýerine ýetirmekligi ret edýändigi hakynda arzany resmileşdirmeli we Abonent tarapyndan hut özüniň arzany Operator tarapyndan bellenilen görnüşde  Operatora elin gowşurmalydyr. Operator tarapyndan arzanyň kabul edilen senesi Şertnamanyň ýatyrylan we/ýa-da degişli abonent belgisiniň/belgileriniň ulanylmagynyň bes edilen senesi bolup durýar;
• Abonent tarapyndan bir ýa-da şondan kän abonent belgileriniň, sesli aragatnaşyk hyzmatlarynyň we tölegli sessiz hyzmatlaryň ulanylmazlygy we/ýa-da berginiň 180 senenama gününiň dowamynda tölenilmezligi hem Abonent tarapyndan Şertnamany birtaraplaýyn esasda ýatyrmak islegini we/ýa-da şeýle möhlet dolan senesinden soňra Şertnamanyň bir ýa-da birnäçe abonent belgisini ulanmak böleginiň şertlerini ýerine ýetirmekden ýüz dönderýändigini tassyklaýan ýagdaý diýlip hasap edilýändir. Abonentiň  hyzmatlardan peýdalanmadyk we/ýa-da bergisini ýapmadyk pursadyndan 180 (bir ýüz segsen) senenama gününiň dowamynda hyzmatlary täzeden birikdirmäge bolan hukugy saklanylyp galýar, emma bu diňe belginiň/belgileriň täzeden işjeňleşdirilmegine töleg tölenenden we Abonentiň tarif meýilnamasyna laýyklykda, zerur bolan tölegler tölenenden soňra amala aşyrylar.
Madda 4. Abonent hakynda maglumatlar
4.1. Şertnama baglaşylanda, Şertnama baglaşmak isleýän tarap hakykylygy aşakda görkezilen resminamalar bilen tassyklanylan maglumatlary görkezmelidir:
4.1.1. Ýuridiki tarapyň bähbitlerinde Şertnama baglaşmaga ygtyýarlylandyrylan Tarap şu aşakdakylary Operatora görkezmelidir:
a) Şertnama baglaşylanda ýuridiki tarapyň bähbitlerine wekilçilik etmäge bolan ynanç hatyny;
b) Ýuridiki tarapyň döwlet hasabyna alnandygy baradaky şahadatnamanyň göçürmesini;
ç) ÝTDHÝ-niň ýazgysynyň göçürmesini.
4.1.2. Hususy telekeçi Operatora raýatyň hususy telekeçi hökmünde döwlet hasabyna alnandygy hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesini we Patentiň göçürmesini görkezmelidir.
4.1.3. Raýat aragatnaşyk Operatoryna şahsyýetini tassyklaýan esasy resminamasyny görkezmelidir. Şahsyýetligi tassyklaýan resminamalaryň sanawy Operator tarapyndan tassyklanylýar.  
4.2. Abonent tarapyndan Operatora görkezilen resminamalardaky maglumatlaryň üýtgedilen ýagdaýynda 4.1-nji maddanyň düzgünleriniň talaplaryna laýyklykda, Abonent şeýle üýtgetmeler güýje giren senesinden 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda Operatora hat üsti bilen habar bermäge borçludyr.  
4.3. Abonentiň Şertnamasy boýunça amallary ýerine ýetirmäge hukuk berýän başga resminasynyň hereket etmegi ýatyrylan ýa-da şertnama ýatyrylan ýagdaýynda, Abonent bu barada Operatora haýal etmezden dilden we 3 (üç) senenama gününiň dowamynda hat üsti bilen habar bermäge borçludyr. Operator tarapyndan Abonentiň Şertnamasy boýunça amallary ýerine ýetirmäge ygtyýar berýän ynanç hatynyň ýatyrylandygy ýa-da başga bir resminamanyň hereketiniň togtadylandygy hakyndaky arzasyny hat üsti bilen kabul edýän pursatyna çenli şeýle ynanç hatynyň ýa-da Abonentiň şeýle resminamasynyň esasynda hereket edýän ygtyýarlylandyrylan wekiliniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek  boýunça Operatoryň hereketleri doly görnüşde ýerine ýetirilen diýlip hasap edilýär.

III BÖLÜM. HYZMATLARYŇ SANAWY, MÖÇBERI WE HILI

Madda 5. Abonentiň barabarlygy
5.1. Operatoryň düzgünlerine laýyklykda, aýratynlykda ýa-da bilelikde ulanylýan Operatoryň torunda Abonent üçin berkidilen belgi, parol, SIM-kartanyň belgisi we beýlekiler Abonentiň barabarlygy bolup durýar.
5.2. Abonentiň barabarlygy Abonent edilýän hyzmatlaryň sanawy üýtgedilende, maglumat-habar berme hyzmatlarynda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahasy tölenende we şu Düzgünnamada göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda ulanylýar.
5.3. Abonentiň elektron serişdelerini peýdalanmak we beýleki usullar arkaly kararlaryň Abonent tarapyndan berilýändigini tassyklaýan şertli belgileri, parollary we başga serişdeleri ulanmak bilen, hyzmatlar toplumyna üýtgetmeleri girizmäge mümkinçiligi bardyr.
5.4. Abonentiň elektron serişdelerini peýdalanmak we beýleki usullar arkaly kararlaryň Abonent tarapyndan berilýändigini tassyklaýan şertli belgileri, parollary we başga serişdeleri ulanmak bilen, hyzmatlar toplumyna üýtgetmeleri girizmek baradaky Operatora geçirilen islegleriniň we kararlarynyň edil Abonent tarapyndan Operatoryň wekiliniň ýanynda elin berlen bilen deň derejede ýuridik güýji bardyr.
Madda 6. Hyzmatlaryň Sanawy
6.1. Abonent üçin amala aşyrylýan Hyzmatlaryň Sanawy Abonent tarapyndan saýlanyp alnan Töleg meýilnamasy bilen kesgitlenilýändir, şonda Operatoryň hereket edýän tekliplerine laýyklykda, Abonent tarapyndan edilen başga goşmaça tabşyryklary hem hasaba alynýandyr.
Şeýle hem Hyzmatlaryň sanawy Abonentiň enjamynyň mümkinçilikleri bilen kesgitlenilýändir. Roumingde hem Hyzmatlaryň Sanawy rouming operatorynyň torunyň mümkinçiliklerine baglydyr.
 
Madda 7. Hyzmatlaryň göwrümi
7.1. Operator tarapyndan Abonente edilen Hyzmatlaryň göwrümini kesgitlemek Operatoryň, ýa-da beýleki aragatnaşyk operatorlaryň enjamlarynyň, hususan-da, Abonente Roumingde aragatnaşyk hyzmatlary edilen ýagdaýynda, ASR görkezijileriniň esasynda amala aşyrylýar.
7.2. ASR-de öň geçirilen tölegleriň, Tarif meýilnamasynyň şertleriniň we  Abonentiň peýdalanan Hyzmatlarynyň (şol sanda Roumingde peýdalanylan) göwrüminiň jeminden gelip çykýan galyndy Şahsy hasapda görkezilýär. Galyndynyň beýikligi töleg tölenilen senesindäki kesgitlenilen tarifden gelip çykýan, geljekde Abonent tarapyndan alnyp bilinjek (galyndynyň položitel bolmagy)ýa-da hyzmatlary almaklygyň bellenilen senesindäki (degişli birikdirmäniň amala aşyrylan pursatyndaky) tarifden gelip çykýan,  Abonent tarapyndan Hyzmatlar üçin öň geçirilen tölegiň doly ulanylandan (galyndynyň otrisatel bolmagy) soňra peýdalanylan Hyzmatlaryň göwrümi hakynda jemlenen beýany özünde saklaýar. Tölegiň geçirilmegi şahsy hasapdaky galyndynyň ýokarlanýandygyny, amala aşyrylan Hyzmatlar üçin tölegiň alynmagy – onuň azalýandygyny şöhlelendirýär. Galyndynyň azalmagy PSS-y we beýleki salgytlary hasaba almak bilen, Hyzmatlar üçin tarifden ugur almak arkaly amala aşyrylýar. Galyndynyň otrisatel häsiýeti Abonentiň bergisiniň möçberini şöhlelendirýär. Abonent tarapyndan şahsy hasapdaky bar bolan galyndylar hakyndaky maglumat Operatordan (şol sanda Operatoryň ses we/ýa-da başga serwisleriniň kömegi bilen) alnyp bilner.
 
7.3. Telefon birikdirilmesiniň dowamlylygynyň kesgitleniş usulyýeti.
7.3.1. Telefon birikdirilmesiniň dowamlylygy ASR tarapyndan ýa-da Abonentiň enjamyndan çagyrylýan tarapyň jogabynyň 1-nji sekundyndan çagyrýan ýa-da çagyrylýan tarapyň ýa-da Abonentiň enjamynyň gepleşigi tamamlaýan düwmä basylan pursadyna çenli görkezilýär. Jogap zogy çagyrylýan tarapyň jogabyna barabar bolan we birikdiriş dowamlylygyny hasaba almaklygyň başlangyjy bolup durýan Abonent enjamlaryna maglumatlary awtomatik kabul ediş düzgüninde işleýän  maglumat geçiriji enjamlar (meselem, modem; faksimil enjamy) degişlidir;
• awtojogapberiji enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Abonent enjamlary, AEH;
• sesli poçta gurallary;
• çagyrylýan tarapyň bolmadyk ýagdaýynda maglumat alyş-çalyş mümkinçiligini imitirleýän ýa-da üpjün edýän beýleki Abonent enjamlary.
7.3.2. Göçme telefon aragatnaşyk tory boýunça ses birikdirme tarif birligi Operator tarapyndan kesgitlenilýär, ýöne ol 1 minutdan uzak bolmaly däldir.
7.3.3. Çagyryşy sypaýylyk bilen soňlamak üçin Abonentiň abonent enjamynyň ulanylyş düzgünine laýyklykda, çagyryşy soňlaýyş düwmesine basmagy zerurdyr.

Madda 8. Operatoryň radiotelefon aragatnaşygynyň hili
8.1. Toruň radioörtgi Zolagynda göçme radiotelefon aragatnaşygynyň hili Türkmenistanda hereket edýän tehniki kadalara we bar bolan lisenziýalara laýyk gelýändir.Hereket edýän kanunçylygyň, lisenziýanyň talaplaryny berjaý etmek bilen, zerur bolan bejeriş-abatlaýyş we öňüni alyş çärelerini geçirmekden başga wagt Operator aragatnaşyk hyzmatlaryny gije-gündiz, her gün, arakesmesiz amala aşyrýandyr.
8.2. Abonentiň ygtyýaryna berilýän göçme radiotelefon aragatnaşygy gurluşyklaryň we ýergurluşynyň (relýefiň) geçirijilik aýratynlygy, howa şertleri we başga sebäpler zerarly binalaryň ýanynda ýa-da içinde, tunnellerde, ýerzeminlerde (podwallarda) we beýleki ýerasty gurluşyklarda radiotolkunlaryň ýaýramagynyň tebigy şertleriniň täsiri bilen ýaramazlaşyp, kesilip ýa-da päsgelçilikler bilen goşulyşyp biler.
8.3. Abonentiň ygtyýaryna berilýän göçme radiotelefon aragatnaşygy toruň gurluş aýratynlyklary zerarly Operatoryň ygtyýarlylygynda bolmadyk ýerli geçiriji telefon liniýalarynyň operatorlarynyň enjamlarynyň, halkara we şäherara aragatnaşyk operatorlarynyň enjamlarynyň hiline garaşly bolup durýar.
8.4. Operator Abonent tarapyndan bozuk, sertifisirlenmedik, bellenilen talaplara laýyk gelmeýän Abonent enjamynyň ýa-da öndüriji we Operator bilen ylalaşylmadyk üýtgetmeler girizilen ýa-da modifisirlenen Abonent enjamynyň ulanylmagy netijesinde ýüze çykan ýetmezçilikler üçin jogapkärçilik çekýän däldir. 

IV BÖLÜM. TARAPLARYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

Madda 9. Abonentiň hukuklary
9.1. Operator hakynda, hereket edýän we täze Tarif meýilnamalary we Operatoryň hyzmatlary barada, amala aşyrylýan Hyzmatlar üçin goýlan hasaplar, Toruň radioörtüjilik zolagy barada zerur we hakyky maglumatlary, şeýle hem Hyzmatlary amala aşyrmak, Abonentleriň birikdirilýän we hyzmat edilýän ýerleri bilen bagly beýleki habarlary Operatoryň Internet-saýtlarynyň we/ýa-da KHBS-niň üsti bilen, USSD/SMS-habarlaryň kömegi bilen, gatnaşyk merkezine jaň edilende, şeýle hem USSD, SMS, WEB we beýleki öz-özüňe hyzmat ediş serwisleriniň we beýlekileriň kömegi bilen, olar girizilmezinden 7 (ýedi) senenama gününden giç bolmazdan, şeýle hem olaryň birikdirilmek üçin elýeterli bolan döwründe almaklyga.
9.2. Hasaplaşyk döwrüniň tamamlanmagy bilen, Operator  tarapyndan kesgitlenilen tertipde amala aşyrylan Hyzmatlar üçin hasaplaşyklary almaklyga.
9.3. Şertnamada göz öňünde tutulmadyk göçme aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegi ret etmeklige.
9.4. Ýazylan arza boýunça we aýratyn töleg tölemek bilen, göçme aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşleri boýunça ähli geçirilen birikdirmeleriň senelerini we wagtlaryny, olaryň dowamlylygyny we abonent belgilerini görkezmek bilen, hasaplaryň açykdyryşmalaryny (detalizasiýa) almaklyga.
9.5. Serwis hyzmatlary Merkezinde Şertnama hökmany gol çekmek bilen, ýa-da öz-özüňe hyzmat ediş serwisleriniň: USSD, SMS, WEB we beýlekileriň kömegi bilen, Tarif meýilnamasynyň şertlerine laýyklykda tölegleri geçirmäge, Hyzmatlaryň ulanylýan sanawyny, Tarif meýilnamasyny üýtgetmäge. 
9.6. Abonentiň Operatora Operatoryň aragatnaşyk hyzmatlaryny we olar bilen arabaglanyşykly goşmaça hyzmatlary amala aşyrmaklygy belli bir wagtyň dowamynda beklemegi baradaky arza bilen ýüz tutmaklyga hukugy bardyr.  Hyzmatlary amala aşyrmaklygy beklemegiň iň uly we iň az möhleti Operator  tarapyndan çäklendirilip bilner.
9.7. Operator  bilen hasaplaşyklary amala aşyryp we şu Düzgünnamada göz öňünde tutulan tertibe laýyklykda, Operatora duýduryp, Şertnamany ýerine ýetirmekligi dowam etdirmekden ýüz öwürmäge.
9.8. Operator  tarapyndan kesgitlenilen tertipde  arza bermek ýoly bilen, oňa „Halkara roumingi“ hyzmatyny goşmaga öz razylygyny bermäge; ol arza Operator  tarapyndan kabul edenden soňra Şertnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýandyr.
Madda 10. Abonentiň  jogapkärçiligi
10.1. Operatora Şertnamada göz öňünde tutulan möçberde özi hakynda zerur bolan we dogry maglumatlary bermäge we olary resminama bilen tassyklamaga borçludyr. Görkezilen maglumatlar üýtgedilen ýagdaýynda Abonent şeýle üýtgetmeler girizilenden soňra otuz günüň dowamynda Operatora täze resminamalaýyn tassyklanan maglumatlary bermäge borçludyr (hasaplaryň eltilmegi tabşyrylan ýagdaýynda täze görkezilen salgy boýunça eltmek Operator tarapyndan täze salgy hakynda maglumat alnandan soňra indiki aýdan amala aşyrylar). 
10.2. Şu Düzgünnamanyň şertleri, toruň radioörtüjilik Zolagy, mümkin bolan Hyzmatlaryň sanawy we Hyzmatlar üçin tarifler (şol sanda Roumingden peýdalanylandaky tarifler) bilen Hyzmatlardan peýdalanmaga başlanmazyndan ozal tanyşmalydyr.
10.3. Hyzmatlardan hereket edýän Tarif meýilnamalaryna we şu Düzgünnamanyň şertlerine laýyklykda peýdalanmalydyr. Hyzmatlary kanunçylyga garşy maksatlarda ulanmaly däldir, şonuň bilen barabarlykda Operatora we/ýa-da üçünji taraplara zeper ýetirýän hereketleri etmeli däldir.
10.4. Operatoryň Hyzmatlaryny hereket edýän tertibe laýyklykda, Hyzmatlaryň tölegi, Tarif meýilnamasy usullary bilen we şu Düzgünnamanyň şertlerine laýyklykda, öz wagtynda tölemelidir.   
10.5. Abonentiň tarif meýilnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, öz şahsy hasabyndaky puly aragatnaşygy kesmek bosagasyndan ýokardaky möçberde saklamak. 
10.6. Operatoryň hyzmatlaryna öňünden töleg geçirmeklige we hyzmatlar üçin bergi ýüze çykan ýagdaýynda, ony öz wagtynda ýapmalydyr.
10.7. Abonent hökmünde şahsy özüniň ýa-da kanunyň ýa-da ynanç hatynyň esasynda hereket edýän wekiliniň üsti bilen öz hukuklaryny amala aşyrmalydyr. Şunda şahsy tarapdan ynanç haty notarial tassyklanan ýa-da Operatoryň ygtyýar berýän başga usullar bilen tassyklanan bolmalydyr; ýuridik tarapyň ynanç haty Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda resmileşdirilen bolmalydyr. Şertnama ýerine ýetirilende, Şertli sözi ulanmak bilen edilen hereketler Abonentiň adyndan we onuň bähbitlerinde amala aşyrylan diňlip hasap edýändir.
10.8. Operatora SIM-kartanyň ýitirilendigi, ogurlanandygy, ýok bolandygy hakynda haýal etmezden habar berilmelidir, çünki Abonent Operator tarapyndan Abonentden SIM-kartany ýitirendigi baradaky ýazmaça arzany alýan pursatyna çenli Hyzmatlaryň tölegi boýunça ähli jogapkärçiligi çekýändir, arza berlenden soňra Operator tarapyndan şol SIM-karta hyzmat etmek we degişlilikde, ony şondan beýläk hyzmaty boýunça ulanmak mümkinçiligi bes edilýändir.
10.9. Zeper ýetmeleriň we başga bir howply ýagdaýlaryň ýüze çykmak mümkinçiligini aradan aýyrmak üçin Abonentiň enjamyny bellenilen tertipleri we çäklendirmeleri ýerine ýetirmek bilen ulanmalydyr (hususan-da, uçýan enjamlarda, howa menzillerinde, ýag guýujy beketlerde, şeýle hem radiogeçiriji gurallary ulanmaklyga çäklendirmeler bar bolan edaralarda, guramalarda, kärhanalarda we beýleki ýerlerde).         
10.10. Aragatnaşyk toruna birikdirmek üçin bellenilen talaplara laýyk gelýän, öndüriji tarapyndan sertifisirlenen Abonent enjamyny ulanmalydyr.
10.11. Abonente degişlilikde batmak işiniň başlanandygy baradaky, Abonentiň – ýuridik tarapyň meýletin ýatyrylmagy hakyndaky kabul eden karary baradaky maglumatlary Operatora habar bermelidir.  
10.12. Şertnamany we Düzgünnamany ýerine ýetirmek mümkin bolmadyk ýa-da muňa päsgel berýän beýleki ýagdaýlar baradaky maglumatlary Operatora habar bermelidir.  
hakyndaky
Madda 11. Operatoryň hukuklary
11.1. Abonent tarapyndan aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrmak baradaky şu Düzgünnamanyň we/ýa-da Şertnamanyň şertleriniň, şol sanda Hyzmatlaryň tölegleriniň möhletleriniň bozlan ýagdaýynda, şol barabarlykda Abonent tarapyndan aragatnaşyk ulgamynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň bozlan ýagdaýynda, şol düzgün bozulmalar düzedilýänçä, Hyzmatlary amala aşyrmaklygy togtadyp bilýändir.
11.2. Tebigy we tehnogen häsiýetli gaýragoýulmasyz halatlarda, Operator, kanuna laýyklykda, öz hyzmat edişini wagtlaýyn togtatmaga hukugy bar. Ygtyýarly döwlet edaralary, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ähmiýetli aragatnaşyk hyzmatlaryndan ullanmaklyga hukugy bar.
11.3. Öýjükli radiotelefon aragtanaşygynyň ulgamyny modernizasiýa etmek we tehniki ýa-da Operatoryň hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde çäklendirmeler, öýjükli aragatnaşyk hyzmatynyň togtadylamgy şeýle-de müşderi belgisiniň üýtgedilmegi ýaly ýagdaýlarda, Müşedrini, Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna laýyklykda, öňünden duýdurmaly.
11.4. Operator şu Düzgünlerde üýtgetme we/ýa-da goşmaçalary girizmäge hukugy bardyr. Üýtgetmeler güýje girmeginiň 15 (on bäş) gün öňünden habar beriş serişdeleri bilen Müşderini duýdurmaga borçludyr.
11.5. Operator hyzmat bahasynyň birligini we bahanyň doly däl bahasynyň töleniş tertibini özbaşdak belleýär.
11.6. Operator, Müşderini goşmaça habarlary duýdurmakda hat üsti bilen we/ýa-da ses habary arkaly we/ýa-da elektron görnüşde ýerine ýetirmäge hukugy bar.
11.7. Operator, SIM-kartany, sebäbiniň nähilidigine garamazdan, Müşderini habarly etmek bilen, goşmaça tölegsiz we öwezsiz çalyşmaga hukugy bardyr.
11.8. Operator, Müşderiniň Operatora hyzmatlarynyň toplumyny üýtgetmek ýa-da nägileliklerini bildirmek, şeýle-de maglumatlary habar bermek boýunça bolan ýüzlenmesini telefon arkaly geçirmäge hukukly.
11.9. Eger-de Müşderi, Operatora, beýleki Müşderilere ýa-da Operatoryň hyzmatlaryndan peýdalanýan üçünji şahslara zyýan berýän bolsa, ýok bolan töleg kartalaryny aktiwleşdirme işlerini birden köp ýerine ýetirmek, Operatoryň razyçylygy bolmazyndan peýda görmek üçin, utuşlary, ses berilşikleri, bäsleşikleri, mahabatlary, soraga tutmalary,köpçülikleýin ýollanmalary, bellenen aragatnaşyk torlarynda gatla girişlerini gurnamak we IP telefoniýalary,başga telefon belgilerinden pul geçirimlerini amala aşyrmak üçin ullanan halatynda, şeýle-de, Operatoryň razyçylygy bolmazdan jaň etmek, gatla girişleri we amala aşyrylmagy üçin ygtyýarnama we rugsatnama talap edilýän başga görnüşli hyzmatlary amala aşyrylanda Operator hyzmat etmegini togtatmaga hukuklydyr.
11.10. Müşderiniň belgisinde hyzmaty ýerine ýetirmekligi dowam etdirip bolmaýan halatynda Operator öz islegi bilen belgini çalyşmaklyga hukukly. Şunlukda, Operator belginiň üýtgedilmegi hakynda müşderä ýazmaça halda 10 gün öňünden duýdurmaga borçludyr eger-de, belgi üýtgedilmegi gaýragoýulmasyz ýa-da öňden görülmedik halatlarda bolmadyk bolsa. Köpçülik belgisiniň üýtgedilendigini habar bermek köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýa-da başga ýol bilen amala aşyrylýar. Ýazmaça gönüşdäki Müşderiniň ýüzlenmesi boýunça Operator müşderi belgisini çalyşmana borçlanýar. Müşderi belgisini üýtgetmeklik Operatoryň islegi boýunça tölegsiz edilýär, Müşderiniň islegi boýunça bolsa Operatoryň bellän bahasynda, tölegli edilýär.
11.11. Eger-de müşderiniň enjamy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykdaky aragatnaşyk pudagyndaky talaba laýyk gelýän kadalaşdyryjy resminamalary bolmadyk halatynda Operator enjamy öçürmäge hukukly.
11.12 Müşderiniň rugsat bermezinden Operator nyrh meýilnamasyny diňe, görkezilen müşderi belgisi boýunça 3 aýdan köp wagtyň dowamynda Operatoryň hyzmatlaryny ulanmadyk ýagdaýynda, nyrh meýilnamanyň şeýle ýagdaýda üýtgedilmeginden 30 senenama gün öň Müşderä degişli USSD/SMS-habar ugardylandan soňra üýtgedip biler. Nyrh meýilnamanyň şeýle ýagdaýda üýtgedilmegi sebäpli Müşderiniň şertnamasynyň gaýtadan resmileşdirmeginde Operator jogapkärçilik çekmeýär.
Madda 12. Operatoryň Borçlary
12.1. Müşderi bilen Şertnama baglaşylanda, Müşderä Hyzamatlar barada hemme gerekli we dogry bolan habarlary, sanawy we ýerine ýetirilişiniň düzgünleri, nyrh meýilnamalary, Hyzmatlary tölemekligiň tertibi we şertleri, hasaplary eltmegiň tertibi we wagtlary, Zolagyň radiogaplanan tory barada habar berilmeli.
12.2. Müşderiniň SIM-kartasyny öz aragatnaşyk toruna goşmaly, Müşderä Şertnamanyň hereket edýän döwründe Müşderi belgisini bermek, Müşderä Şertnamada sarylan sanawdaky we göwrümdäki hyzmatlary ýerine ýetirmeli.
12.3. Hyzmatlary ullanmak we hasaplamak boýunça gün uzyn we pulsuz maslahat beriş işlerini gurnamak şol sanda, Hyzmatlaryň nyrhy, radigaplanan tor Zolaklary, telematiki aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmaklyk üçin Müşderi enjamlarynyň sazlanylmagyMüşderiniň Şahsy hasabynyň ýagdaýy we Hyzmatlary tölemek boýunça habar bermek.
12.4. Operator, Müşderä, ygtyýarnama berilen ilerleme aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmeli, şeýle-de, Operatora berilen ygtyýarnamany nazara almak bilen ygtyýarlandyrma şertlerine laýyklykda Müşderä hyzmat etmek.
12.5. Şertnamany baglaşmak we ýerine ýetirmek üçin gerekli bolan maglumatlary ýerine ýetirmek. Görkezilen rus dilindäki we türkmen dilindäki maglumatlar Müşderiler bilen iş ýerinde Müşderiniň dykgatyna görülip biljek ýagdaýda ýerine ýetirilýär.
12.6. Müşderä gije-gündiziň dowamynda operatiw hyzmatlarynyň tiz ýagdaýda çagyrmagyň (jaň etmegiň) mugt görnüşinde mümkinçiligi: ýangyn howpsuzlygy, polisiýa bölümi, tiz lukmançylyk kömegi, gaz heläkçiligi gullugy.
12.7. Müşderä, Operatoryň öňündäki Müşderi tölegini töläninden 3 (üç) günüň dowamynda ilerleme aragatnaşygy boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek,ýa-da ilerleme aragatnaşygy boýunça bergileriniň likwidirlenendigi barada tassykalaýan resminamalaryň görkezilmegi (ilerleme aragatnaşygynyň togtadylan wagty) we Müşderiniň nyrh meýilnamasy esasynda gerekli bolan tölegleri berjaý etmek.
12.8. Müşderiniň Şertnamada görkezen rekwizitleri, şu Düzgünleriň nazara alan tertipleri, HMG-nyň (Hasaplamalaryň Müşderi Gullugy) görkezmeleri esasynda Müşderä edilen Hyzmatlaryň hasaplaryny goýmak.
12.9. Müşderiniň hat üsti bilen ýa-da sorag-jogap gullugyna jaň eden arzasy boýunça, Şertnamany ýatyrman, 90 kalendar güninden geçmän hyzmat etmegi bes etmek, güniň dowamynda 1 (bir) sapardan köp bolmadyk we ýylyň dowamynda çäklendirilmedik sapar. Şeýle-de müşderi tölegi we nyrh meýilnamasynyň nazara alýan tölegleri alynmaýar.
12.10. Müşderilere, hyzmat ediş nokatlarynda çykarylan görnüşde, Internetda we başga ýollar bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän hereket edýän Düzgünler bilen tanyşyp çykmak mümkinçilgini bermek.
12.11. Müşderiler hakyndaky maglumatlar awtomatizirlenen ýagdaýda işläp taýýarlanylanda, aragatnaşyk Operatory onuň howpsuzlygyny 12.03.2010ý. № 93-ІV belgili Türkmenistanyň “Aragatnaşyk hakynda” kanunyna laýyklykda üpjün edýär.

V BÖLÜM. HASAPLAŞYKLAR

Madda 13. Hyzmatlaryň nyrhy (bahalary)
13.1. Hyzmatlaryň Nyrhnamalary, birleşdirmäniň öňýany, Hyzmatlaryň nyrhnama birligi we hyzmatlaryň nyrhnama birliginiň doly däl tölegi Operator tarapyndan özbaşdak Nyrh meýilnamasynda bellenilýär. Şertnamanyň baglaşan gününden başlap hereket edýän wagtyna çenli hyzmatlaryň Nyrhnamasy aýrylmaz bölegi bolan Şertnamada we/ýa-da onuň Goşundysynda (Nyrh Meýilnamasy) görkzilýär. Mundan başga-da Nyrh meýilnamasynda hereket edýän wagtlary we sebitleri görkezilen.
13.2. Operatoryň täze Nyrh meýilnamalary we hereket edýän maglumatlary girizilmezden 7 (ýedi) kalendar gününden gijä galman, Operatoryň bölek söwda we hyzmat ýerlerinde, Internet-sahypasynda, şeýle-de başga ýollar bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üsti bilen habar berilip bilner.
13.3. Şertnama baglaşylanda, Müşderi şu düzgünlere laýyklykda, Operator tarapyndan hödürlenen Nyrh meýilnamasyny görkezýär. Şu düzgünleiň tertibi boýunça Müşderi Operatory habardar edip, öz Nyrh meýilnamasyny üýtgetmäge hukukly. Müşderiniň saýlan Nyrh meýlnamasy Şertnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
13.4. Ilerleme aragatnaşygynyň hereket edýän nyrh meýilnamalaryna Opertaor üýtgetme girizen ýagdaýynda, 7 (ýedi) kalendar gününden az bolmadyk wagtda Müşderileri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýa-da başga ýollar bilen habardar etmelidir.
13.5. Operator, aragatnaşyk toryndaky agramy rasional ýagdaýda bölmek maksady bilen, günüň sagatlary boýunça, hepdäniň günleri boýunça, dynç alyş we işlenilmeýän baýramçylyk günlerinde, şeýle-de ilerleme aragatnaşygynyň ýerine ýetirilýän hyzmatlarynyň toplumy we göwrümi boýunça differensirlenen nyrhnamalary bellemäge hukugy bar.
Madda 14. Hasaplama Usullary.
14.1. Ullanyljak hasaplama usuly Şertnamada (we/ýa-da Nyrh meýilnamasynda) görkezilýär. Usulyň ullanmak üçin esaslanmasy Operator tarapyndan kesgitlenýär we Nyrh meýilnamalarynda bellenilýär, şeýle-de, Müşderileriň dykgatyna başga ýollar bilen ýerine ýetirilýär.
14.2. Hakujy usuly bilen hasaplaşmalar. Operator tarapyndan bellenilen oňaýly galyndy bellenlýär we Hyzmatlaryň ýerine ýetirilmezinden öň Müşderiniň şahsy hasabyna hakujy
(töleg) goýulmalydyr. Şeýlelikde, hasaplamalar hakykat-da ýerine ýetirilen hyzmatlary esasynda, öňki hakujy tölegini hasaba almak bilen, hasaplanylýar. Müşderiniň şahsy hasabyna goýulan hakujy tölegleri, Müşderiniň sarp edýän Hyzmat görnüşlerini tölemeklik üçin ullanylýar. Hakujy tölegi, Müşderiniň sargan hyzmatlary we saýlan Nyrh meýilnamasyndan gelip çykyp, bellenilýär.
Şertnama baglaşylanda Müşderä, saýlan Nyrh meýilnamasyna baglylykda hakujy bellenilýär. Tölegi amala aşyrmazyndan öň Operator Müşderiniň hyzmatlaryny ýerine ýetirmeýär.
HMG-dan Operatora, Müşderiniö şahsy hasabynda oňaýly galynynyň ýokdugy barada habar gelen ýagdaýynda Operator ýerine ýetirýän hyzmatlryny çäklendirip biler ýa-da dolulygyna togtadyp biler. Hyzmatlaryň täzeden ýerine ýetirilmegi, hakujy tölegi amala aşyrylyp, Müşderiniň şahsy hasabynda oňaýly galyndy peýda bolan wagtyndan ýola goýlup başlanýar.
Operator, Şertnama boýunça Müşderiniň borçlaryny ýerine ýetirmekde Müşderiniň şahsy hasabyndaky azalmaýan oňaýly galyndyny Müşderiniň saýlan Nyrh meýilnamasy, Şertnamada görkezilen hyzmatlaryň sanawy we göwrümi boýunça belläp biler. Operator, Müşderiniň hasabyndaky oňaýly galyndy azalmaýan möçberine ýetende, hyzmatlarynyň ýetirilişini çäklendirip ýa-da dolulygyna togtatmaga hukugy bar. Hyzmatlaryň täzeden ýerine ýetirilmegi, Müşderiniň şahsy hasabyndaky azalmaýan oňaýly galyndydan artyk bolan möçberde töleg geçirilen wagtyndan başlap, amala aşyrylýar. Müşderi öz şahsy hasabyndaky azalmaýan oňaýly galyndy baradaky maglumaty Operatordan sorap öwrenip biler.
14.3. Töleg geçiriminiň möhletiniň uzaldylmagy bilen aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirme. Tölegiň möhletiniň uzaldylan ýagdaýynda, Müşderi, Hasabat döwründe şu Düzgünlere we Şertnamanyň şertlerine laýyklykda hakykatda ullanan hyzmatlary üçin töleg töleýär.
 
Madda 15. Hyzmatlar üçin Hasap
15.1. Her aý, Hasaplaşyk döwrüniň gutaran wagtyndan başlap, Operator Müşderiniň saýlan Nyrh meýilnamasy, Hyzmatlaryň sanawy we göwrümi boýunça HMG-nyň görkezmesi boýunça hasabatyny görkezýär. Hasaplar, Hasaplaşyk döwri boýunça hakykatdan hem ullanylan Hyzmatlar göwrüminiň delilidir.
15.2. Müşderi, Hasaplaşyk döwri tamamlanandan soňra, Operatoryň iş ýerinde 10 (on) kalendar gününiň dowamynda hasaby alyp tanyşyp biler.
15.3. Hasap, görkezilen möhletiň dowamynda Müşderi tarapyndan tölenilmelidir.
15.4. Müşderä Hyzmatlar hasabynyň wagtynda berilmezligi ýa-da umuman berilmezligi, Müşderiniň hasaby tölemekden boýun gaçyrmaklygyna, möhletiniň uzaldylmagyna ýa-da möhletlere bölüp tölemeklige esas bolup bilmez.
15.5. Eger-de Müşderiniň eýeçiliginde birden köp müşderi belgisi bar bolsa, Müşderiniň islegi bilen Operator hemmesini bir şahsy Müşderi hasabynda hasaplap biler. Bu ýagdaýda, her bir müşderi belgisine ýetirilen Hyzmatlarynyň aýratynlykda görkezilmegi bilen hasapda umumy töleg görkeziler.
15.6. Müşderä täze Müşderi bergileri berilen ýagdaýynda, saýlan Nyrh meýilnamasy, Hyzmat sanawlary we göwrümine laýyklykda aragtanaşyk Operatoryna goşulmak üçin, hakujy we başga tölegler bilen bilelikde hasap berilýär. Operator, gerekli bolan pul möçberi geçirilen wagtyna çnli hiç hili hyzmatlary ýerine ýetirmäge borçlanmaýar.
15.7. Taraplaryň haýsy-da bolsa biriniň ýalňyşlyk goýberen ýagdaýynda, Operator geçen alty aýyň hasabyny Müşderä hat üsti bilen duýduryp, täzeden hasaby berip biler.
15.8. Eger Müşderi hukuk görnüşli şahs bolan ýagdaýynda, Operator hasaplaşyk döwründäki ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberini hasap-fakturasynda görkezip bermelidir. Hasap-fakturasynyň berilmeli wagty we tertibi Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylgy esasynda bellenilýär.
Madda 16. Hyzmatlaryň tölegi.
16.1. Hyzmatlaryň Nyrhy Operator tarapyndan Türkmenistanyň milli pulunda – manatda bellenilýär. Operator bilen Müşderiniň arasyndaky hasaplaşyk manatda amala aşyrylýar.
16.2. Müşderi hasaplaşyk hasabyna ýa-da Operatoryň MHH-na degişli pul möçberini salan pursadynda, ol öz pul borjuny ýerine ýetirdi diýip hasaplanlýar. Hyzmatlaryň tölegini kartanyň üsti bilen tölemek mümkindir; we ýokardaky aýdylan şertden daşary, töleg kartasynyň aktiwleşdirilmegi – Müşderiniň pul borjuny ýerine ýetirmeginiň ýene bir zerur şerti bolup durýar.
16.3. Müşderi hyzmatlaryň tölegini amala aşyrmak üçin Müşderiniň şahsy hasabyny we/ýa-da degişli Müşderi belgileri görkezýär. Hyzmatlaryň tölegini amala aşyrmak maksat üçin, degişli hyzmaty birleşdirilen pursatda hereket eden Nyrh ulanylýar.
16.4. Eger Müşderi oňa degişli başga Şahsy hasaplar boýunça hyzmatlaryň tölegi üçin Operatora bergisi bar bolsa, onda Müşderi öz bergilerini doly üzýänçä Operator oňa hyzmatlaryň berilmegini wagtlaýyn duruzmaga haklydyr we/ýa-da Müşderiden gelýän tölegleri (birikdirmäniň töleginden başgalary) onuň öň döreden bergilerini ýapmaga ýollamak. Şunuň bilen birlikde Müşderiniň Şahsy hasabynda bergi tölenmeginden galan pul möçberi saklanýar. Geçirilen hasap barada doly maglumat, Operator tarapyndan häzirki Düzgünlere laýyklykda çykarylýan hasapda görkezilýär.
16.5. Roumingdaky hyzmatlaryň hasaplaşygy, HAU-na başga Operatorlar tarapyndan edilen hyzmatlaryň maglumatlarynyň gelişine görä amala aşyrylýar.
16.6. Täze Şertnamanyň baglaşylmagy ýagdaýynda, ýa-da, eger Müşderi bilen Oparatoryň arasynda hyzmatlaryň üpjünçiligi barada birnäçe Şertnamalar baglaşylan bolsa, onda Operator Müşderiden haysam bolsa bir Şertnama (şahsy hasap) boýunça gelýän tölegleri onuň beýleki Şertnama (şahsy hasap) boýunça döreden bergilerini ýapmaga ýollamaga haklydyr.
16.7. Hyzmatlaryň berilmeginiň bahasy barada ýüze çykýan düşünişmezlikler üçin, Operatoryň billing ulgamynyň maglumatlary, Taraplaryň hasaplaşygynyň esasy bolup hyzmat edýär.
16.8. Müşderi we Operatoryň arasyndaky Şertnamanyň ýatyrylmagyndan soňra, onuň (Şertnamasynyň) sebäbine bagly bolman, Müşderi Operatora, hakujy hökmünde girizen pul möçberini yzyna almak maksat bilen, ýüzlenmäge haklydyr. Müşderiniň hasabyndaky 100 manada çenli möçberdäki galan pul serişdeleri, Operator Müşderiniň ýazmaça  talapnamasyny alanyndan soň, 60 senenama günüň dowamynda yzyna gaýtarylmaga degişlidir. Müşderiniň ýazgysyndaky (hasabyndaky) 100 manatdan ýokary möçberdäki galan pul serişdelerini yzyna gaýtarmak hakyndaky karar Operator tarapyndan hususy tertipde, Müşderiniň talabynyň kanunylygy barada barlag geçirilip kabul edilýär, şu ýagdaýda pullary gaýtarmak nagt däl tertipde amala aşyrylýar.
16.9. Banklaryň töleg resminamalary resmileşdirmeginiň we/ýa-da Operatoryň hünärmenleriniň hereketleriniň netijesinde ýüze çykan ýalnyşlyklar sebäpli, Müşderiniň şahsy hasabyna ýalňyşlyk bilen pul serişdeler geçirilse, onda Müşderi haýal etmän bir usul tapyp hökman Operatora bu ýagdaý barada habar bermelidir. Eger Müşderi ol ýüze çykan ýalňyşlyk barada habar bermekden boýun gaçyryp (pul geçirilen gününden 5 günüň dowamynda aýtmasa), ol pul serişdeleri ulanyp başlasa, Operator onuň şahsy hasabyndan ýaňky ýalňyş geçirilen pul möçberini yzyna alyp, ony hakyky adresata ýollamaga haklydyr. Şunuň bilen birlikde Müşderi ulanylan pul serişdeleriň öwezini doldurmaga borçlydyr.

VI BÖLÜM. BEÝLEKI ŞERTLER

Madda 17. Jedelleri çözmegiň tertibi.
17.1. Ähli jedelleri we düşünişmezlikleri gepleşikler ýoly bilen çözmek üçin ähli çäreler görüniler.
17.2. Operator tarapyndan ilerleýän aragatnaşygyň hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmezligi ýa-da olaryň ýarym-ýalta ýerine ýetirilmegi ýüze çyksa, Müşderi kazyýete ýüzlenmeginden öň, Operatora öz arzyny beýan etmäge haky bardyr.
17.3. Arz ýazmaça görnüşde görkezilýär we onuň Operatora düşen gününden hasaba alynmaga degişlidir.
17.4. Arza hasaba alnan gününden 30 gün möhletiň içinde, Operator tarapyndan seredilýär. 
17.5. Arzanyň seredilmeginiň netijeleri barada Operator degişli Müşderä ýazmaça görnüşde ibermelidir.
17.6. Operator arzany tassyklan ýagdaýynda, kemçilikler ýok edilmelidirler.
17.7. Arzanyň doly ýa-da bölekleýin ret edilen ýagdaýynda, ýa-da belleninen wagta çenli Operatordan jogap gelmedik bolsa, Müşderi sud instansiýasyna talap arzasyny mälim etmäge haklydyr.
17.8. Müşderi kazyýet öňüsyrasyndaky tertibi berjaý edeninden soňra, onuň arzasy sudda garalyp bilner.
17.9. Operator bilen Müşderiniň arasynda hyzmatlaryň üpjünçiligi barada baglanyşan Şertnama boýunça Müşderi öz borçlaryny ýerine ýetirmedik ýa-da degişli görnüşde ýerine ýetirmedik ýagdaýynda, şübhesiz subutnamalaryň barlygynda, Türkmenistanyň “Döwlet Notariat barada” kanunynyň 75-nji maddasyna laýyklykda, Operator Müşderiniň borçlarynyň mejbury berjaý edilmegi üçin notariatyň edaralaryna ýüzlenmäge haklydyr. Başga ýadgaýlarda, Operator Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda öz hukugyny we bähbitlerini goramak maksady bilen kazyýet edaralaryna ýüz tutmaga haklydyr.
17.10. Jedelleriň çözülmegi:
- Operator bilen Müşderiniň – hukuk görnüşli şahsyň arasynda, Türkmenistanyň Aşgabat şäherindäki Araçylyk kazyýetinde;
- Operator bilen  - fiziki şahsyň arasynda, eger Türkmenistanyň kanunynda başga maglumat görkezilmedik bolsa onda Operatoryň ýerleşýän ýerindäki kazyýetde.
Madda 18. Taraplaryň jogapkärçiligi.
18.1. Taraplar öz borçlaryny ýerine ýetirmedik ýa-da olary degişli görnüşde ýerine ýetirmedik ýagdaýlarynda, olar Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
18.2. Bir tarapyň beýleki tarapa Şertnamany ýerine ýetirmegi netijesinde eden zyýanlaryň bolanlygy subut edilen ýagdaýynda taraplar olara jogapkärçilik çekýärler.
18.3. Radiotelefon aragatnaşygyň bozulmagynda, şunuň bilen birlikde aragatnaşygyň hiliniň wagtlaýyn peselmeginde, we (ýa-da) aragatnaşyk desgalaryň durmagynda Operatoryň gürrüňsiz günäsi bolsa, onda ol Hasaplaşyk döwürde Müşderä berilen hyzmatlarynyň bahasyndan uly bolmadyk pul möçberinde jogapkärçilik çekýär. Müşderiniň hyzmatlary hakykatdan hem ulanmadygy dokumentler esasynda subut edilmelidir.
18.4. Türkmenistanyň, ulanyjylaryň desganyň zaýalamagy ýa-da boş durmaklygy netijesinde aragatnaşyk Operatora ýetiren zyýanlarynyň öwezini dolmak kanunynlaryň bolmagyndan daşary ýagdaýlarda, Müşderiniň Şertnamanyň şertlerini bozanlygy, desgalaryň ulanylmagynyň düzgünini, telekommunikasiýa ulgamy üçin tassyklaýan resminamalarsyz desgalary ulanan ýa-da hyzmatlaryň tölegini wagtynda amala aşyrmadyk ýagdaýlarynda, ýetmezçilikler düzedilýänçä Operator hyzmatlaryň berilmegini wagtlaýyn duruzmaga haky bardyr.
18.5. Aragatnaşygyň Operatory öňüni alyp bolmaýan güýç ýagdaýlaryň gelip ýetmegi netijesinde (ýer titreme, suw alma, tupan, we ş.m.) we ogurlykda ýa-da üçünji taraplaryň Operatorlaryň ulanýan aragatnaşyk liniýalaryny we beket desgalaryny zaýalamagy, ýa-da Müşderiniň Türkmenistanyň nazara alan kadalaryny bozan ýagdaýlarynda, ýüze çykan hadysalar sebäpli, Operator Şertnama boýunça öz borçlaryny ýerine ýetirmedigi ýa-da degişli görnüşde etmedigi üçin jogapkärçilik çekmeýär.
18.6. Müşderi hyzmatlaryň tölegini tölemedik, bölekleýin ýa-da wagtyndan soň tölän, we Türkmenistanyň nazara alan kadalaryny bozan ýagdaýlarynda Operatoryň öňünde jogapkärçilik çekýär.
18.7. Müşderi öýjükli telefonyň üsti bilen eden operasiýalaryna özbaşdak jogapkärçilik çekýär, şunuň bilen birlikde,  töleg we statusyň çalşylmagy boýunça Müşderi Operatoryň öňünde borçly bolýandyr. Mysal üçin: Nyrh meýilnamanyň çalşylmagy, pul serişdeleriň geçirilmegi, ýeňillikli belginiň birikdirilmegi we ş.m.
18.8. Operatorlar öz ulgamlarynyň üsti bilen geçirilýän informasiýalaryň mazmuny üçin jogapkärçilik çekmeýärler.
18.9. Eger bir tarap şu Şertnama boýunça öz borçlaryny öňüni alyp bolmaýan güýçleriň täsiri netijesinde (fors-mažor ýagdaýlaryň) ýerine ýetirmedigini ýa-da degişli görnüşde ýetirmedigini subut edip bilmese, onda ol beýleki tarapyň öňünde jogapkärçilik çekýändir. Hyzmat üpjünçiligiň şertlerine täsir edýän Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryň çäklendirilmegi hem fors-mažor yagdaýlara degişlidir. Tebigy we tehnogen adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, kanuna laýyklykda Operator Müşderä hyzmatlaryň berilmegini wagtlaýyn duruzmaga ýa-da çäklendirmäge haky bardyr. 
18.10. Maglumat geçiriji boýunça hyzmatlary birikdirmeginde ýa-da ulanmagynda, Internet global torunyň bihaýa görkezilen zatlary, erotikany, neşäni, gizlin hyzmatlary ýaýratýan websahypalara, ýa-da millet agzalalyk we/ýa-da sütemä, terrorçylyga (onuň ähli manysynda) we beýleki halkara we Türkmenistanyň kanunlaryna laýyk gelmeýän hereketlere öjükdirýän maglumatlaryny berýän websahypalara girýäni üçin, Müşderi şahsy jogapkärçilik çekýändir. Eger Müşderi görkezilen websahypalara giren we/ýa-da ýaýradan ýagdaýynda, we mundan hem başga kanuna garşy hereketleri amala aşyran ýagdaýynda, Operator ýaňky ynsapsyz müşderiniň GPRS (maglumat geçiriji) hyzmatyny öçürmäge haky bardyr.
18.11. Eger Müşderileriň aýratyn toparlary üçin kanun tarapyndan hökmany düzgünler nazara tutulan bolsa, häzirki maddada aýdylanlaryna deňeşdirende başga esaslary we jogapkärçiligiň çäklerini özünde jemleýän bolsa, onda bular ýaly Müşderiler üçin kanun bilen kesgitlenen düzgünler ulanylýar.
Madda 19. Hyzmatlaryň sanawyna, Şertnamanyň şertlerine we häzirki Düzgünlere üýtgetmeleriň girizilmegi 
19.1. Müşderi Operator bilen belleninen tertipde öz ulanýan hyzmatlarynyň sanawyny, Müşderi belgisini we/ýa-da Nyrh meýilnamasyny serwis hyzmat etmek Merkezinde Şertnama hökman gol çekip, ýa-da öz-özüňe hyzmat etmek serwislaryň: USSD, SMS, WEB kömekleri bilen çalşyp bilýändir.
19.2. Operator Şertnamanyň häzirki Düzgünleriniň üýtgetmeleri we goşundylary boýunça hödürlemeleri degişli bildirişleri maglumat hatlarynda, maglumatlaryň köpçülikleýin serişdelerinde, hasabyň gatnawlarynyň sahypalarynda ýerleşdirmäge ýa-da bildirişi başga rugsat edilen usullar bilen ýollamaga haklydyr. Eger Operatora Müşderiden 15 günüň içinde üýtgetmeleri we goşundylary kabul edendigi ýa-da ret edendigi barada hiç hili ýazmaça habar gelmese we ol Hyzmatlary täze şertlerde ulanmagyny dowam etse, onda Operator Müşderi ol üýtgemeleri tassyklady diýip hasaplaýar.
19.3. Täze belleninen üýtgemeleriň güýje girizilmeginden öň, ol üýtgeme barada Operator Müşderä 7 (ýedi) gün öňünden islän usuly bilen (mümkin maglumatlaryň köpçülikleýin serişdeleri arkaly), mundan başga-da harytlaryň we hyzmatlaryň bölekleýin satylýan ýerinde we Operatorlaryň Internet-sahypalarynda habar beren ýagdaýynda, Operator hiç zada garamazdan özbaşdak Nyrh meýilnamalary, hyzmatlara aýratyn nyrhlary, we hyzmatlaryň berilmegine başga nyrh şertleri kesgitlemäge haky bardyr.

Madda 20. Şertnamanyň ýatyrylmagy
20.1. Müşderi Operator bilen doly hasaplaşyp we degişli arzany yazmaça görnüşde berip, Şertnamanyň ýatyrylmagyny talap etmäge haklydyr.
Müşderi aşakdaky ýagdaýlarda Şertnamanyň yatyrylmagyny talap edip biler:
  • Häzirki Düzgünleriň hasaplaşygynyň şertlerine laýyklykda, hyzmatlaryň berilmeginiň wagtlaýyn saklanylmagynda Müşderiniň Nyrh meýilnamasynda bellenilen möhletiň dowamynda onuň Şahsy hasabyna oňaýly galynda ýeterlik pul möçberiniň geçirilmedik ýagdaýynda, 
  • Müşderiniň Nyrh meýilnamasynda görkezilen döwüriň dowamynda tölegli Hyzmatlary ulanmasa.
20.2. Şu Şertnamanyň ýatyrylmagy taraplaryň ikitaraplaýyn ylalaşygy, şeýle hem kazyýetiň Türkmenistanyň kanunyna esaslanyp çykaran çözgüdi boýunça mümkindir.
20.3. Müşderiniň Şertnamany ýatyran ýa-da Şertnamanyň başga sebäpler boýunça ýatyrylan pursatyndan başlap, Müşderiniň edilen hyzmatlara töleg borjyndan daşary, taraplaryň galan ähli borçlary ýatyrylan diýlip hasaplar. Müşderiniň Şertnama boýunça öz borjyny ýerine ýetirip berilen hyzmatlar üçin geçiren töleginiň we Operatoryň oňa beren hyzmatlarynyň bahasynyň tapawydyndan galan pul möçberi, Operator Müşderiden degişli arzany alansoň 60 günüň dowamynda gaçtaryp berilýär. Müşderä belginiň birikdirilmeginiň tölegi, satyn alynan SIM-kartalaryň we ekspres-töleg kartalaryň bahalary yzyna gaýtarylmaýar.