Nädip jaň etmeli

Türkmenistan boýunça mobil telefonlara jaňlar

Mobil telefonlara jaň etmek üçin, belgini aşakdaky formatda aýlamaly:

[8] [operatoryň kody] [telefon belgisi]

Mysal üçin: 8 66 123456 ýa-da 8 65 123456

[8-00] [operatoryň kody] [telefon belgisi]

Mysal üçin: 8-00 66 123456 ýa-da 8-00 65 123456

+[993] [operatoryň kody] [telefon belgisi]

Mysal üçin: +993 66 123456 ýa-da +993 65 123456
Jaňlar üçin nyrhnamalary Siz nyrhnamalar bölüminde, sanawdan öz nyrh meýilnamaňyzy saýlap görüp bilersiňiz («Ulgamyň içinde çykýan» we «Beýleki mobillere çykýan»).
 

Siziň sebitiňiziň şäher telefonlaryna jaňlar

Aşgabadyň, Balkanabadyň, Türkmenbaşynyň, Türkmenabadyň, Marynyň ýa-da Daşoguzyň şäher telefonlaryna, şol sebitde bolan mahalyňyz jaň etmek üçin, belgini aşakdaky formatda aýlamaly:

[telefon belgisi]

Mysal üçin: 123456 ýa-da 12345

[8] [şäheriň kody] [telefon belgisi]

Mysal üçin: 8 12 123456 ýa-da 8 243 12345

[8-00] [şäheriň kody] [telefon belgisi]

Mysal üçin: 8-00 12 123456 ýa-da 8-00 243 12345

+[993] [şäheriň kody] [telefon belgisi]

Mysal üçin: +993 12 123456 ýa-da +993 243 12345
Jaňlar üçin nyrhnamalary Siz nyrhnamalar bölüminde, sanawdan öz nyrh meýilnamaňyzy saýlap görüp bilersiňiz («Çykýan ýerli»).
 

Türkmenistan boýunça şäher telefonlaryna jaňlar

Türkmenistan boýunça şäher telefonlaryna jaň etmek üçin, belgini aşakdaky formatda aýlamaly:

[8] [şäheriň kody] [telefon belgisi]

Mysal üçin: 8 12 123456 ýa-da 8 243 12345

[8-00] [şäheriň kody] [telefon belgisi]

Mysal üçin: 8-00 12 123456 ýa-da 8-00 243 12345

+[993] [şäheriň kody] [telefon belgisi]

Mysal üçin: +993 12 123456 ýa-da +993 243 12345
Jaňlar üçin nyrhnamalary Siz nyrhnamalar bölüminde, sanawdan öz nyrh meýilnamaňyzy saýlap görüp bilersiňiz («Türkmenistan boýunça çykýan»).
 

Halkara jaňlar

Beýleki ýurtlara jaň etmek üçin belgini halkara formatynda aýlamaly:

+[ýurduň kody] [şäheriň kody/operatoryň kody] [telefon belgisi]

Mysal üçin: +7 495 1234567
Jaňlar üçin nyrhnamalary Siz nyrhnamalar bölüminde, sanawdan öz nyrh meýilnamaňyzy saýlap görüp bilersiňiz («Halkara jaňlar»).

Ýurtlaryň telefon kodlary
 

Roumingdäki jaňlar

Haýsy ýurtda bolýandygyňyza garamazdan, çykýan jaňlar we SMS üçin belgini halkara formatynda aýlamak maslahat berilýär (+, ýurduň kody, şäheriň ýa-da öýjükli operatoryň kody, müşderiniň belgisi). Siziň telefonyňyzyň ýazgy depderçesinden belgini aýlanyňyzda dykgatly boluň.
Roumingde SMS hyzmatlary öýdäki SMS merkeziniň belgisini (+99366322222) üýtgetmezden elýeterlidir.
Mysal:
Aşgabatdaky şäher belgisine jaň +993 12 ХХХХХХ
MTS belgisine jaň  +993 66/67/68/69 XXXXXX
Russiýa jaň +7 XXX XXXXXXХ
BAE jaň +971 ХХ ХХХХХХХ
Türkiýä jaň +90 XXX XXXXXXX
Girýän jaňlarda belgini aýlamagyň kadalary üýtgemeýär.