Sorag-jogap gullugy


MTS-iň Sorag-jogap gullugyna telefon arkaly ýüz tutulanda edilýän hyzmatlar:

Hyzmatlary birikdirmek we öçürmek:

  • SMS
  • Belgini awtomatiki anyklaýjynyň garşysyna goýulýan enjam (AntiAON)
  • Belgini anyklaýjynyň garşysyna goýlan enjamy döwýän (AntiAON döwüji)
  • Täzeçe salgylamak (başga salga ibermek)
  • Garaşmak/çagyryşy saklamak
  • Maslahat-aragatnaşyk
  • Halkara ygtyýarlylyk
  • GPRS
  • MMС
  • Internet-bukja
  • SMS-bukjalar

Maslahatlar:

  • Şahsy hasaplary birleşdirmek/bölmek
  • Hyzmatlar we töleg meseleleri boýunça
  • Möhüm müşderilere hyzmat etmek boýunça
  • Ulgamlaryň hyzmatlarynyň işlemegi üçin enjamlary sazlamak boýunça
  • Maglumatlary paket bilen geçirmek üçin enjamlary sazlamak boýunça
  • Rouming hyzmatlarynyň meseleleri boýunça
  • Gudok hyzmatynyň işiniň meseleleri boýunça
  • Hasaplary bölmek meseleleri boýunça
  • Beýleki maliýe meseleleri boýunça

Şeýle hem:

  • PIN we PUK bloklaryny açmak
  • Belgini aktiw dällik blokdan açmak
  • Şahsy hasap barada maglumat bermek
  • Wagtlaýyn togtatmak/işletmek
  • Söýgüli belgini işletmek we çalyşmak
  • Ýeňillik paketini işletmek
  • Hyzmatlaryň öňünden töleginiň, faks boýunça iberilmeginiň hasaplaryny düzmek
  • Şahsy hasaplaryň düzümi we mazmuny boýunça düşündiriş bermek
Ýokarda görkezilen hyzmatlardan peýdalanmak üçin Siz belgiňizi, F.A.Aa. we eýesiniň pasporty barada maglumatlary ýa-da kodly sözi (paroly) aýtmaly. “Kodly sözi” (paroly) bellemek üçin Aşgabat şäherindäki ýa-da welaýatlardaky biziň kompaniýamyzyň islendik satuw ofisine ýüz tutup bilersiňiz. Mundan başga-da, özara dil baglanyşyk ulgamy (IVR) Size awtomatik düzgünde kompaniýanyň soňky täzelikleri, nyrhnama meýilnamalary we hyzmatlar barada habar beriji maglumatlary berer.

Kod sözi — MTS-iň Sorag-jogap gullugyna ýüz tutulanda pasportyň we şahsyýeti tassyklaýan beýleki şahsyýetnamalaryň maglumatlaryny çalyşýan müşderiiň werbal anyklaýjysydyr.

Siz öz islegiňize görä kod sözüni islendik adamlara berip bilersiňiz, olar soňra Sorag-jogap gullugy tarapyndan berilýän hyzmatlaryň tutuş sanawyny alyp bilerler. Şunda MTS kod sözüni beýleki adamlara bermek hakynda müşderiden habarnama talap etmeýär. Degişlilikde kod sözüni aýdan islendik adam telefon boýunça we hyzmat üçin ýüz tutmalar boýunça, kod sözi boýunça müşderi hyzmaty edilende berilýän hyzmatlaryň ähli görnüşlerini alyp biler.
 
Siz kompaniýanyň satuwlaryň we hyzmatlaryň islendik ofisinde şahsyýetiň şahsyýetnamasy bilen şahsy ýüz tutanyňyzda kod sözüni belläp bilersiňiz. Kod sözi diňe MTS-iň Sorag-jogap gullugyna jaňlarda peýdalanylýar. Ofisdäki hyzmat müşderiň ýa-da onuň kanuny wekiliniň şahsyýetini tassyklaýan şahsyýetnamany görkezmek bilen ýa-da zerur ynanç haty bolanda müşderiiň ýa-da onuň kanuny wekiliniň şahsy ýüz tutmasyny talap edýär.

Müşderi kod sözüni diňe telefon boýunça müşderi hyzmaty edilende peýdalanyp biler.
Kod sözüni bellän müşderi kod sözüniň goraglylygy üçin şahsy jogapkärçilik çekýär.

Sorag-jogap gullugynyň telefonlary:
MTS mobil telefonyndan: 0890 
MTS mobil telefonyndan we şäher telefonyndan: (+993 66) 300890
MTS mobil telefonyndan 0890 belgä we (+993 66) 300890 belgä jaňlar, Türkmenistanyň islendik ýerinden – mugt.

Elektron poçta boýunça hyzmat etmek: 0890@mts.tm

Hyzmat etmegiň tertibi

1. Siz öz sorag-teklibiňizi 0890@mts.tm elektron salgymyza ugradýarsyňyz;
2. Öz jogabynda biziň işgärimiz işlenilen sorag-teklibiňiz barada Size maglumaty berer;
3. Eger sorag-teklibiňiz haýsy hem bolsa bir sebäbe görä işlenilmese, onda öz hatynda Biziň işgärimiz onuň sebäpleri barada Size jogap berer (identifikasiýany geçmändigi barada, hyzmaty bu Nyrh Meýilnamada birikdirip bolmaýandygy barada we ş.m.);
4. Käbir ýagdaýlarda jogabymyzda Size ofisimize ýa-da salonymyza gelip, öz sorag-teklibiňizi elden ýazmagyňyzy teklip ediler.

Bellikler

  • Siziň sorag-teklibiňiz jogapsyz galmaz, sebäbi Biz ätiýaç nusgalary özümizde galdyrýarys.
  • Atsyz sorag-teklipler işlenilmeýär. Bu sebäpden Siz identifikasiýadan geçmeli (şahsy taraplar: telefon belgisi, FAAa, pasport maglumatlary). Müşderilerimiz bolan edara görnüşindäki taraplardan gelen hatlary korporatiw müşderiler bilen işleşýän bölümine geçiriler.