ULTRA nyrhy



NYRHNAMA MEÝILNAMASYNYŇ ESASY AÝRATYNLYKLARY
• Ýurduň ähli ulgamlaryna çäklendirilmedik jaňlar hem SMS-ler
• Şahsy hyzmat ediş
• Her aýdaky internet-trafigi  5 GB gündiz hem 20 GB gije
• Birikdirilen wagtynda altyn ýa-da kümüş belgi sowgat 
 
NYRH KIMLER ÜÇIN NIÝETLENEN?
Hasabynyň ýagdaýy hakynda alada etmek zerurlygy bolmazdan gije-gündiziň dowamynda 24 sagatlap aragatnaşykda bolmaly müşderiler üçindir. Şahsy çemeleşmäniň gymmatyny bilýän müşderiler üçindir. Aýratyn belgisiniň ýa-da SIM-kartasynyň bolmagy wajyp bolanlar üçindir. 
 
NYRHY BIRIKDIRMEK ÜÇIN NÄME ETMELI?
• «ULTRA+» nyrhynda täze belgini birikdirmeli 
• Hereket edýän müşderiler üçin – satuw ofislerinde nyrhy çalyşmaly. 
«ULTRA+» NM-na geçmek ¬— mugt
 
NYRHNAMANYŇ ESASY ÇÄKLERI
 
Çäkleri GBS bilen bahasy
Birikdirme wagtynda hasaba goýulmaly goýum 250 manat
Trafik üçin töleg (hasapda ýeterlik serişdeleriň bolan ýagdaýynda aýda bir gezek tutuş mukdar bilen alynýar, aý nyrhy birikdirilen/müşderi töleginiň soňky alynan pursadyndan kesgitlenilýär, meselem, 7-nji aprelden 7-nji maýa çenli)**  250 manat
Birikdirilen sesli trafik (ýerli, ulgamyň içinde, «Аltyn Аsyr» we «CDMA» AŞTU ulgamlaryna) Çäksiz*
Birikdirilen SMS trafigi (ulgamyň içinde, «Аltyn Аsyr» we «CDMA» AŞTU ulgamlaryna) Çäksiz*
Halkara çykyş SMS 20 teňňe
Birikdirilen Internet trafigi 5 GB gündiz hem 20 GB gije (01:00-07:00)*
Ähli giriş jaňlary Mugt
Birikdirilen trafikden ýokary 1 Mb Internet – trafik 7 teňňe*
NM-nyň «ULTRA+» geçirilmegi Mugt
Halkara jaňlary 
 
Jaňyň görnüşi 1 minut jaňyň bahasy
Russiýa, GDA we Gruziýa 2,25 manat
Тürkiýe 3,50 manat
Ýewropa, Eýran we Owganystan 4,50 manat
Аziýa, Аmerika, Аfrika, Оkeaniýa 8,00 manat


ULANYLAN/GALAN TRAFIGIŇ BARLAGY
Ulanylan/galan trafigiň barlagy üçin *123#1#7#jaň aýlaň 
*Müşderi töleginiň alynmagy üçin pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda müşderi tölegi hasapdan aýrylmaýar, minut/SMS/MB bukjalary geçirilmeýär, aragatnaşyk hyzmatlary berilýär. Tölegleriň bellenilmegi hasapda müşderi töleginiň alynmagy üçin pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk ýagdaýyndaky töleg bellemelerine laýyklykda ýerine ýetirilýär: 1 minut/SMS/MB bahasy - 0,25 manat.
**Bir aýyň dowamynda gaýtadan geçilende müşderi tölegi tutuşlygyna alynýar, ulanylmadyk bukjalar (eger-de bar bolsa) hasapdan aýrylýar, bukja gaýtadan doly göwrümde berilýär, aý soňraky müşderi töleginiň aýrylan pursadyndan kesgitlenilýär. 

MTS kompaniýasy nyrh meýilnamasynyň düzgünlerini birtaraplaýyn tertipde aşakdaky
ýagdaýlarda üýtgetmäge haky bar:

-    nyrh meýilnamasynyň maksada laýyk däl ulanylyşy. Maksada laýyk däl ulanyş (Aragatnaşyk hyzmatlarynyň düzgünleriniň b.1.3. laýyklykda) diýlip indikiler düşünilýär: gepleşik
nokatlarynyň guralyşy, ATS hökmünde ulanylyşy, lotereýalary, ses berişleri, ýaryşlary, wiktorinalary, mahabatlary, sorag geçirmeleri, köpçülikleýin habar ýollamalary geçirmek üçin, hem-de bellenilen aragatnaşyk we Internet-telefoniýa ulgamyna girmek üçin şlýuzlaryň gurnalyşy.
-    Müşderi tarapyndan Aragatnaşyk hyzmatlarynyň düzgünleriniň 10.3. bendini bozmaklygy, ýagny, tarif meýilnamasyny kanuna garşy ulanylyşy, ýa-da Operatora we/ýa-da üçünji taraplara zyýan getirýän hereketleri etmek.
 
Lezzet bilen ulanyň!