Bize jaň etmek uçin
(+99312) 42 52 05

Nähili abonent bolmaly

Eger siz...
Eger siz şahsy tarap hökmünde bize özüňiz ýüztutsaňyz
Size şahsyýetiňizi tassyklaýan resminamaňyzy görkezmek gerek bolar.

Eger Siz abonentiň wekili bolsaňyz
onda Size kepillendiriş taýdan tassyklanan ynanç hatyny we şahsyýetiňizi tassyklaýan resminamany görkezmek gerek

Eger siz bize edara görnüşindäki trarap hökmünde kompaniýanyň adyndan ýüz tutsaňyz,
Size arzany**, ynanç hatyny** şahsyýetiňizi tassyklaýan resminamany bermek gerek***

***Şahsyýeti tassyklaýan resminamalara şu aşakdakylar degişlidir:
  • Türkmenistanyň raýatlary üçin: umumy raýatlyk pasporty, Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýetiniň wagtlaýyn şahsyýetnamasy;
  • Harby gullukçylar üçin: ýaşaýan ýeri hakynda kepilnama bilen harby gullukçynyň şahsyýetini tassyklaýan şahsyýetnama;
  • Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin: daşary ýurt döwletiniň pasporty ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy, Türkmenistanyň çäginde bolmagynyň kanunylygyny tassyklaýan resminama (Türkmenistanyň çäginde hasaba alnandygy hakynda belligi bolan migrasiýa kartasy, Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmaga rugsat), diplomatik karta ýa-da diplomatik pasport.

* Edara görnüşindäki taraplardan (şol sanda daşary ýurt) arzada şu aşakdakylar bolmalydyr:
  • firma blankynda resmileşdirilen hat görnüşinde arza;
  • guramanyň ady;
  • hukuk salgysy;
  • telefon belgisi;
  • hyzmatyň edilmegi hakynda haýyş;
  • guramanyň asyl nusgadaky möhri bilen tassyklanan ýolbaşçynyň goly;
  • arzanyň gol çekilen senesi

** Edara görnüşindäki taraplardan ynanç hatynda şu aşakdakylar bolmalydyr:
  • guramanyň firma blankynda resmileşdirilen ynanç haty;
  • ynanç hatynyň berlen senesi;
  • arzada görkezilen hereketleri amala aşyrmaga bolan ygtyýar;
  • zerur resminamalara gol çekmek hukugy;
  • guramanyň ady;
  • ynanylan adamyň F.A.Aa we pasport maglumatlary;
  • guramanyň asyl nusgadaky möhri bilen tassyklanan ýolbaşçynyň goly.

Siz hemişe maliýe maslahatyny alyp bilersiňiz:
  • abonentleriň atly hasaplaryndan pul serişdelerini hasapdan öçürmegiň, abonent belgilerini birikdirmegiň/öçürmegiň, hyzmatlaryň tarifikasiýasynyň meseleleri boýunça;
  • hyzmatlaryň töleginiň tertibi we usullary hakynda;
  • ekspres töleg Kartlaryny işjeňleşdirmegiň kadalary hakynda;
  • öňünden tölemek üçin hasaplary bermek;
  • hasaplaryň gurluşy, mazmuny boýunça düşündirişler;
  • telefon jaňlarynyň jikme-jikleşdirilişini almagyň we mazmunyny düşündirmegiň meselesi boýunça;
  • atly hasaplary birikdirmek/bölmek boýunça;
  • beýleki maliýe meseleleri boýunça.

* Edara görnüşindäki tarapdan arzada (şol sanda daşary ýurt) şu aşakdakylar bolmalydyr:
  • firma blankynda resmileşdirilen hat görnüşindäki arza;
  • guramanyň ady;
  • hukuk salgysy;
  • telefon belgisi;
  • hyzmatyň edilmegi hakynda haýyş;
  • guramanyň asyl nusgadaky möhri bilen tassyklanan ýolbaşçynyň goly;
  • arzanyň gol çekilen senesi

** Edara görnüşindäki taraplardan ynanç hatynda şu aşakdakylar bolmalydyr:
  • guramanyň firma blankynda resmileşdirilen ynanç haty;
  • ynanç hatynyň berlen senesi;
  • arzada görkezilen hereketleri amala aşyrmaga bolan ygtyýar;
  • zerur resminamalara gol çekmek hukugy;
  • guramanyň ady;
  • ynanylan adamyň F.A.Aa we pasport maglumatlary;
  • guramanyň asyl nusgadaky möhri bilen tassyklanan ýolbaşçynyň goly.